Argentina ilçihanasyny Iýerusalime göçümek meýilnamasyny togtatdy

Argentina ilçihanasyny Iýerusalime göçümek meýilnamasyny togtatdy

Ysraýylyň Şannel 12 teleýaýlymy şenbe güni beren habarynda Argentinanyň Binýamin Netanýahu bilen Argentinanyň Prezidenti Hawer Milleýiň arasyndaky soňky dartgynlyk sebäpli Ysraýyldaky ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek meýilnamasyny togtadandygyny mälim etdi.

Habarda dartgynlygyň merkezi Ysraýylda ýerleşýän Nawitas Petroleum firmasynyň Folkland adalarynyň golaýynda açyk deňizde nebit burawlaýyş işlerine başlamagy meselesinde ýüze çykandygy nygtaldy. Firmanyň 2028-nji ýylda nebit burawlaýyş işlerine başlamagy göz öňünde tutulýar.

Folkland Adalary Britaniýa tarapyndan deňizaşa sebit hökmünde dolandyrylýar, Argentina bolsa adalaryň özüne degişlidigini öňe sürýär we adalary Malwinas Adalary hökmünde atlandyrýar.

Argentina dekabr aýynda Ysraýylly Nawitas we Britaniýaly Rojkhopper firmalarynyň Folkland adalarynda geçiriljek burawlaýyş işleri üçin baglaşan 2,1 milliard dollarlyk şertnamasyny berk tankyt etdi.

Argentina Britaniýanyň bir taraply ýagdaýda kabul eden kararyny tassyklamaýandygyny mälim etdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministrligi ozal Argentinany ýakyn hyzmatdaşlaryndan biri hökmünde görýändigini we iki ýurduň arasyndaky aragatnaşygyň dowam edýändigini mälim edipdi.

Argentinsanyň Prezidenti Milleý, 2024-nji ýylyň fewral aýynda Ysraýyla guran saparynyň çäginde ilçihanasyny Tel-Awiwden Iýerusalime göçürjekdiklerini mälim edipdi.

Noýabr aýynda mesele hakynda berlen beýannamada bolsa ilçihananyň bahar aýlarynda göçürlip bilinjekdigi bellenildi.

Ysraýyl Argentinanyň ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegi üçin tagalla edýär.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Ýafa şäherinde ýaragly we pyçakly hüjüm guraldy
Eýranyň Ysraýyla guran hüjümlerinde 12 adam ýogaldy
ABŞ we Ysraýyl Eýranyň iň uly nebit-himiýa toplumyna hüjüm guradylar
Hakan Fidan Ysraýylyň abraýyny dikeltmek üçin täze duşman gözleýändigini aýtdy
Türkiye palestinaly toparlaryň umumy jarnama kabul etmeklerinden hoşal
Ysraýylyň Gazada guran soňky hüjümlerinde ýene-de 55 palestinaly ýogaldy