Ysraýylyň Gazada guran soňky hüjümlerinde ýene-de 55 palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň Gazada guran soňky hüjümlerinde ýene-de 55 palestinaly ýogaldy

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 292 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 3 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 55 palestinalynyň ýogalandygy, 110 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 39 müň 145 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 90 müň 257 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde bolsa 7-nji oktýabrdan bäri ysraýylly esgerler bilen palestinalylaryň topraklaryny ellerinden alan ysraýyllylaryň guran hüjümlerinde 142-si çaga jemi 589 palestinalynyň öldürilendigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň harby goşuny Günbatar Şeriada geçiren reýdinde 15 palestinlini saklady
Türkiye we musulman ýurtlary Ysraýylyň Günbatar Şeriýadaky ýerleri basyp almak kararyny ýazgardylar
Ysraýyl 2025-nji ýylda 8- zenan bolan 42 palestinaly žurnalisti tussag etdi
Ysraýylly esgerler basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýada bir palestinaly ýetginjegi öldürdiler
Ysraýylyň Günbatar Şeriýadaky zorlugy dowam edýär
Erdogan: Türkiye howa giňişliginiň düzgün bozulmalaryna garşy egilşiksiz göreşýär
Ysraýyl howpsuzlyk sebäplerine salgylanyp, Aksa metjidinde Oraza baýramy namazyny gadagan etdi