Jokowiç Uly tuwulga ýaryşlarynda ýeňişleriniň sany boýunça rekord goýdy

Jokowiç Uly tuwulga ýaryşlarynda ýeňişleriniň sany boýunça rekord goýdy

Serbiýaly Nowak Jokowiç Beýik Britaniýanyň Tennis boýunça açyk çempionatynyň (Uimbldon) ikinji aýlawyna çykdy. Birinji aýlawyň oýnunda ol günorta koreýaly Kwon Sun-wu-dan zor çykdy.

Duşuşyk iki ýarym sagat dowam edip, 6:3, 3:6, 6:3, 6:4 hasap bilen tamamlandy.Uimbldonda bijesi birinji çykan Jokowiç, 15 gezek urguda utdy, iki sany goşa ýalňyşlyk goýberdi we sekiz breýk-pointden dördüsine amal etdi.

Koreýaly (Professional tennisçileriň assosiasiasynda 81-nji belgili) ýedi eýsi ýerine ýetirdi, bäş sany ýalňyşlyk goýberdi we alty breýk-pointden ikisine amal etdi.Awstraliýaly Tanasi Kokkinakis (PTA-nyň sanawynda 79-njy belgili) Jokowiçiň (dünýäniň üçünji raketkasy) indiki bäsdeşi bolar, ol birinji aýlawda Polşanyň wekili Kamil Maýhşaky (dünýäniň togsan birinji raketkasy) 7:6 (7:5), 6:2, 7:5 hasap bilen utdy.

Jokowiç tennisiň taryhynda ilkinji gezek Uly tuwulga serialarynda dört turniriň hersinde 80 ýeňiş gazandy.Uimbldonda Kwon Sun-wu-dan üstün çykmagy serbiýaly türgeniň 80-nji ýeňşi boldy. Şonuň ýaly-da, Jokowiçiň üstünlik gaznasynda Australian Open-den 82, Rolan Garros-dan 85, US Open-den 81 ýeňşi bar.

Ýene degişli makalalar

Nowak Jokowiç ýedinji gezek Uimbldonyň ýeňijisi boldy
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy
Ispaniýaly Alkaras US Open-iň ýeňijisi boldy
Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar