Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary

Möwsümiň 2-nji “Uly tuwulga” ýaryşy bolan “Fransiýa Açyk” tennis bäsleşigi tamamlandy. “Rolan Garros” hem diýilýän ýaryş 127-nji gezek geçirilip, erkekleriň arasynda serbiýaly Nowak Jokowiç, zenanlardan geçen ýylyň ýeňijisi polşaly Iga Şwentek çempion boldy. Umumy baýrak gaznasy 49,6 million ýewro deň bolan ýaryşda ýeňijilere aýratynlykda 2,3 million ýewro pul baýragy berildi.

Erkekleriň arasyndaky finalda Nowak Jokowiç bilen geçen ýylyň finalçysy, norwegiýaly Kasper Ruud duşuşdy. 3 sagat 13 minutlap dowam eden duşuşykda Jokowiç garşydaşyny 3 setde ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji setde kynçylyk çekse-de, taý-brek bilen 7:6 hasabynda ýeňiş gazandy. 2-nji set Jokowiç üçin ýeňil geçdi we 6:3 üstün çykdy. Çekeleşikli geçen 3-nji setde Jokowiç ýeňiş gazanmak juda kyn düşdi.

Ruud ilkinji 5 oýunda öz ilkinji urgusynda (serve) ýalňyşlyk goýbermedi. 5:5-den soň 11-nji oýunda garşydaşynyň ilkinji urgusyny döwmegi başaran Jokowiç öz ilkinji urgusyny ýalňyşsyz tamamlap, 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, Nowak Jokowiç “Rolan Garros” tennis ýaryşynda 2016-njy we 2021-nji ýyllardan soň 3-nji gezek çempion bolmagy başardy.Bu onuň umumylykda 34-nji “Uly tuwulga” finalyndaky 23-nji çempionlygydyr. 36 ýaşyndaky tennisçi “Uly tuwulga” gazanmakda ispaniýaly Rafael Nadaldan öňe geçip, rekordyň ýeke-täk eýesi boldy.

Jokowiç “Awstraliýa Açykda” 10, “Fransiýa Açykda” 3, “Wimbledonda” 7, “Amerika Açykda” hem 3 gezek çempionlyk gazandy.Ol 4 “Uly tuwulgada” hem azyndan 3 gezek çempion bolan ilkinji erkek tennisçi hökmünde hasaba alyndy.

Bu çempionlyk Jokowiçiň ATP-niň ýaryşlaryndaky 94-nji kubogy bolup, ol “Açyk” döwürde 3-nji orunda barýar.Jokowiç “Fransiýa Açykda” 4, “Amerika Açykda” 6, “Wimbledonda” 1 gezek finala utuldy.

Geçen ýylky finalda Rafael Nadaldan asyn gelen Kasper Ruud bassyr 2-nji gezek “Fransiýa Açykda” 2-nji orny eýeledi. Sanawyň 4-nji basgançagynda barýan 24 ýaşly Ruud geçen ýyl “Amerika Açygyň” finalynda-da Karlos Alkarasdan ýeňlipdi.

Serenadan soň Şwentek

Zenanlaryň arasyndaky final 2 sagat 46 minutda tamamlandy.Geçen ýylyň çempiony Iga Şwentek finalda ilkinji gezek “Uly tuwulga” kubogyna dalaş edýän çehiýaly Karolina Muhowa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň 1-nji setinde Şwentek 6:2 üstün çykdy. 2-nji set çekeleşikli geçip, Muhowa 7:5 ýeňiş gazandy we umumy hasaby deňlemegi başardy.Duşuşygyň jemleýji setinde ilkinji 2 oýunda Muhowa üstün çykanam, soňlugy bilen Şwentek 6:4 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

Netijede, 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan 22 ýaşyndaky Şwentek “Fransiýa Açykda” bassyr 2-nji, umumylykda-da 3-nji gezek çempion bolmagyň hötdesinden geldi (2020, 2022, 2023).Bu onuň 4-nji “Uly tuwulga” kubogy bolup, ol geçen ýyl “Amerika Açykda” hem çempion bolupdy. Şwentek amerikaly Serena Williamsdan soň (2004), 4 “Uly tuwulga” gazanan iň ýaş zenan tennisçi hökmünde hasaba alyndy.

Bu çempionlyk sanawyň 1-nji belgili tennisçi Şwentegiň karýerasyndaky 14-nji WTA kubogydyr.

Ýene degişli makalalar

Topragyň hakyky eýesi Nadal
Alkaras Jokowiçiň rekordlaryna böwet boldy
Rojer Federer karýerasyny tamamlaýar
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Jokowiç Uly tuwulga ýaryşlarynda ýeňişleriniň sany boýunça rekord goýdy
Ýarym asyrdan soň ilkinji gezek Uimblona dünýäniň birinji we ikinji raketkasy gatnaşmaz