Rojer Federer karýerasyny tamamlaýar

Rojer Federer karýerasyny tamamlaýar

“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 20 gezek çempiony Rojer Federer sentýabr aýynyň ahyrynda Londonda geçiriljek Leýwer kubogynyň özi üçin iň soňky boljakdygyny mälim etdi. Şondan soň ol karýerasyny tamamlar. Bu barada BBC News habar berýär.

41 ýaşly tennisçi geçen ýyl “Wimbledon” ýaryşyna gatnaşyp, ondan soň üçünji gezek dyzyndan operasiýa geçireni bäri korta çykanokdy.

Federer “Uly tuwulga” kuboklarynyň sany boýunça dünýäniň üçünji tennisçisi.Ondan öňde diňe ispaniýaly Rafael Nadal bilen serbiýaly Nowak Jokowiç bar degişlilikde, 21 we 22 baýrak.Federer tennisçi hökmünde ilkinji gezek 1998-nji ýylda 16 ýaşynda çykyş etdi, ilkinji “Uly tuwulgany” bolsa 2003-nji ýylda “Wimbledon” ýaryşynda ýeňiş gazanyp aldy.

Soňky “Uly tuwulgany” Federer 2018-nji ýylda, 36 ýaşynda utdy.Federer ATP-niň 111 ýaryşynda, şolardan 103-sinde ýekelikde ýeňiş gazanyp, 310 hepdäniň dowamynda ATP-niň ilkinji raketkasy boldy (şol sanda bassyr 237 hepde, bu hem täzelenmedik rekorddyr).

Ýene degişli makalalar

Onuň alyhezretleri karýerasyny tamamlady
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Jokowiç Federeriň rekordyny täzeledi
Jokowiç kuboklarynyň sanyny 95-e ýetirdi
Nadal Australian Open-iň finalynda Daniil Medwedewi utdy
Alkaras Jokowiçiň rekordlaryna böwet boldy