Jokowiç Federeriň rekordyny täzeledi

Tennis boýunça Italiýanyň Turin şäherinde erkekleriň arasynda geçirilen möwsümiň jemleýji ýaryşy bolan “ATP Finals”-da sanawyň 1-nji belgilisi Nowak Jokowiç çempionlyk gazandy.Möwsümiň iň ökde 8 tennisçisiniň arasyndaky ýaryşyň finalynda Jokowiç italiýaly Ýannik Sinner bilen duşuşdy.

Iki tennisçi toparçada hem duşuşypdylar we 4-nji belgili Sinner güýçli garşydaşyndan üstün çykypdy. Ýöne finalda Jokowiçe ýeňiş gazanmak kyn düşmedi. 1 sagat 43 minutda tamamlanan duşuşykda Jokowiç 2 setde-de 6:3-lik hasaplar bilen garşydaşyny ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, Jokowiç bu ýaryşda bassyr 2-nji, umumylykda-da 7-nji gezek çempionlyk gazanyp, bu ugurda Rojer Federeriň rekordyny täzeledi.

Jokowiç mundan öň 2008-nji, 201213142015-nji hem-de 2022-nji ýyllarda çempion bolupdy.Bu onuň karýerasyndaky 98-nji ATP Kubogy bolup, ol Rojer Federer (103) hem-de Jimmi Konnorsdan (109) yza galýar.

Jokowiç şu möwsümde 7 ýaryşda çempion bolmagy başardy.

Jokowiçe 15 million dollar baýrakly ýaryşda ýeňiji hökmünde 2 million 201 müň dollar pul baýragy berildi.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç kuboklarynyň sanyny 95-e ýetirdi
Rojer Federer karýerasyny tamamlaýar
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
“Pariž Masters”-iň 7-nji gezek ussady
Jokowiç ýedinji gezek Uimbldonyň çempiony boldy
Jokowiç, Federer we Nadal Leýwer kubogy üçin Ýewropanyň ýygyndysyna girdi