“Pariž Masters”-iň 7-nji gezek ussady

Möwsümiň iň soňky, ýagny 9-njy “Masters” ýaryşy “Pariž Masters” tennis bäsleşiginde Nowak Jokowiç çempionlyk gazandy.Serbiýaly tennisçi finalda bolgariýaly Grigor Dimitrowy 6:4 we 6:3 hasaplar bilen ýeňip, “Pariž Masters” ýaryşyndaky 7-nji çempionlygyny baýram etdi.

Bu görkeziji ýaryşyň rekordyna deňdir. 36 ýaşyndaky tennisçi mundan öň Parižde 2009-njy, 2013-nji, 2014-nji, 2015-nji, 2019-njy hem-de 2021-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy.Bu Jokowiçiň 40-njy “Masters”, şol sanda 97-nji ATP Kubogy hökmünde hasaba alyndy.

Jokowiç umumy baýrak gaznasy 5 million 779 müň 335 ýewro deň bolan ýaryşda 892 müň 590 ýewrolyk pul baýragy bilen sylaglandy.

51-nji gezek geçirilen ýaryşyň jübütleýn bäsleşiginde meksikaly Santiago Gonzales bilen fransiýaly Eduar Rojer-Wasselin ikisi çempionlyk gazandy.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylyň sport kalendary
Jokowiç kuboklarynyň sanyny 95-e ýetirdi
Daniil Medwedew ATP-niň reýtingindäki birinjiligi bary-ýogy 14 gün elinde saklap bildi
Dünýäniň birinji raketkasy Jokowiç fewraldan bäri birinji ýaryşynda utuldy
Nowak Jokowiç Karlos Alkarasa dünýäniň iň gowy oýunçysy diýip baha berdi
Basketbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy öňde boljak halkara ýaryşlaryna taýýarlanýar