Jokowiç kuboklarynyň sanyny 95-e ýetirdi

Jokowiç kuboklarynyň sanyny 95-e ýetirdi

Serbiýaly rowaýaty tennisçi Nowak Jokowiç öz karýerasyndaky 95-nji kubogy gazandy. Has takygy, ol Sinsinnatide geçirilen Masters turniriniň finalynda ATP reýtinginiň lideri Karlos Alkarazy 5:7, 7:6, 7:6 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bellemeli tarapy, Karlos Alkaraz ikinji setde matçbolldan peýdalanyp bilmedi we netijede ýeňşi elden giderdi.

Şeýlelikde, Nowak Jokowiç finaldaky ýeňşi arkaly özüniň professional karýerasyndaky titullarynyň sanyny 95-e ýetirdi. Bu ugurda ol diňe Rojer Federerden (103) we Jimmi Konnorsdan (109) yzda galýar.

Şu gün täzelenen ATP reýtinginde hem sanawyň lideri Karlos Alkaraza ep-esli golaýlady. Häzirki wagtda Alkarazyň hasabynda 9815, Jokowiçiň hasabynda bolsa 9795 utuk bar.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç Federeriň rekordyny täzeledi
Jokowiç ýene lidere öwrüldi
Karlos Alkaraz ilkinji gezek Uimbldonyň çempiony boldy
Karlos Alkaraz otly kortlardaky ilkinji çempionlygyny gazandy
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy