Karlos Alkaraz ilkinji gezek Uimbldonyň çempiony boldy

Karlos Alkaraz ilkinji gezek Uimbldonyň çempiony boldy

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaraz öz karýerasynsa ilkinji gezek Uimbldon uly tuwulgasynyň çempiony boldy.Ol ýekşenbe güni geçirilen final oýnunda serbiýaly Nowak Jokowiçden üstün çykdy. 4 sagat 45 minut dowam aýgytlaýjy oýun 1:6, 7:6, 6:1, 3:6, 6:4 hasabynda Alkarazyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Oýnuň dartgynly geçendigine ýekeje mysal hökmünde üçünji setiň bäşinji geýminiň 27 minut dowam edendigini hem görkezmek bolar.

Şeýlelikde, dünýäniň birinji raketkasy Karlos Alkaraz Uimbldonyň 2023-nji ýyldaky çempiony bolup, ATP reýtingindäki liderligini has-da pugtalandyrdy.

Ýeri gelende bellesek, 20 ýaşly ispaniýaly tennisçi çempionlyk arkaly 2000 reýting utugyna hem-de 2 million 350 müň funt-sterling pul baýragyna eýe çykdy.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Karlos Alkaraz otly kortlardaky ilkinji çempionlygyny gazandy
Jokowiç kuboklarynyň sanyny 95-e ýetirdi
Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 57,8 million amerikan dollaryna ýetdi
Merkezi Aziýaly tennisçi ýylyň iň köp pul gazanan tennisçileriniň onlugyndan orun aldy
Ýeňijileriň birine BMW, ýene birine-de “Porsche” berildi