Daniil Medwedew ATP-niň reýtingindäki birinjiligi bary-ýogy 14 gün elinde saklap bildi

Daniil Medwedew ATP-niň reýtingindäki birinjiligi bary-ýogy 14 gün elinde saklap bildi

Dünýäniň 1-nji raketkasy Daniil Medwedew ABŞ-nyň Indian-Uells şäherinde geçirilýän Masters tapgyryna girýän ýaryşyň üçünji tapgyrynda ýeňildi. Bu utulyş onuň reýtingiň birinji ornundaky ýerini hem elinden aldy.

Has takygy, russiýaly ýyldyz tennisçi ýaryşyň üçünji tapgyrynda fransiýaly Gael Monfisden asgyn geldi. Hut şu utulyş hem 28-nji fewrala çenli birinji orunda gelen serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiçe tagty yzyna gaýdyp almak üçin ýeterlik boldy.

Ýaryşlara gatnaşmandygyna garamazdan, Jokowiçiň öňümizdäki duşenbede täzelenjek reýting sanawynyň birinji ornunda görkezilmegine garaşylýar. Medwedewiň bolsa eýeleýän ornuny saklap galmagy üçin Kaliforniýadaky ýaryşda azyndan çärýek finala çykmagy gerekdi.

Ýene degişli makalalar

Medwedow dünýäniň birinji raketkasy derejesinde özüniň ilkinji oýnuny ýeňiş bilen tamamlady
Monrealdaky Mastersde XX asyrdaky sensasiýa gaýtalandy
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda Alkaras bilen Ruud göreşer
Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy