Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi

Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi

Serbiýaly Nowak Jokowiç “Uimbledon” ýaryşynda ýeňiş gazanandygyna garamazdan, Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde birnäçe setir aşak düşdi. Reýtingiň täzelenen görnüşi ATP-niň saýtynda ýerleşdirildi diýip, interfax.ru habar berýär.

Indi Jokowiç ýedinji orny eýeleýär, geçen reýtingde ol üçünji orunda ýerleşipdi.Bu pese düşme serbiýaly türgeniň bir ýyl ozal “Uimbledondaky” ýeňşi üçin reýting utuklaryny gorap bilmändigi we 2000 baly ýitirendigi bilen baglanyşyklydyr.

ATP we Zenanlaryň tennis assosiasiýasy (WTA) guramaçylaryň russiýaly we belarusly tennisçileri ýaryşdan çykarmak kararyna garşy nägileligiň nyşany hökmünde “Uimbledon 2022-de” reýting ballaryny hasaplamady.Dünýäniň birinji raketkasy adyny “Uimbledon 2022-ä” gatnaşmadyk russiýaly Daniil Medwedew saklady.

Ikinji orny henizem germaniýaly Aleksandr Zwerew eýeleýär. Üçünjiden altynja çenli orunlary her biri bir setir ýokary galan Rafael Nadal (Ispaniýa), Stefanos Sisipas (Gresiýa), Kasper Ruud (Norwegiýa), Karlos Alkaras (Ispaniýa) eýeleýär.

Sekizinji orunda, ýagny Jokowiçden soň Andreý Rublýow (Russiýa), dokuzynjy orunda Feliks Ože-Alýassim (Kanada) ýerleşýär. Ýannik Sinner (Italiýa) üç basgançak ýokary galyp, onluga girdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy
Daniil Medwedew ATP-niň reýtinginiň başyna geçdi
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi