Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy

Russiýaly Daniil Medwedew ýekşenbe güni Meksikanyň Los-Kabos şäherinde geçirilen Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) ýaryşynyň finalynda britaniýaly Kemeron Norrini utdy. Bu barada TASS habar berýär.

Duşuşyk ýaryşda birinji belgini alan Medwedewiň peýdasyna 7:5, 6:0 hasabynda tamamlandy.Norri üçünji belgi bilen çykyş etdi, ol Los-Kabosda geçirilen geçen ýylky ýaryşyň ýeňijisidir.Medwedew 2022-nji ýylda ilkinji ýaryşyny utdy.

Aprel aýynda tennisçi ingini aýyrmak üçin operasiýa geçirdi, şol sebäpli bir aýa golaý ýaryşlary sypdyrdy. Öň, russiýaly türgen Hertogenbosda (Niderlandlar) we Gallede (Germaniýa) geçirilen ýaryşlaryň finalynda utuldy, şeýle-de Australian Open-iň finalynda ispaniýaly Rafael Nadaldan utuldy.

Medwedew 26 ýaşynda, ol dünýäniň birinji raketkasydyr.Onuň hasabynda indi ATP-niň 14 tituly bar.Norri 26 ýaşynda, ol dünýä reýtinginde 12-nji orny eýeleýär.Onuň hasabynda ATP-niň howandarlygynda geçirilen ýaryşlarda dört ýeňiş bar.

Los-Kabosda geçirilen ýaryş ATP 250 kategoriýasyna degişli bolup, “hard” düşeginde geçirilýär.Umumy baýrak gaznasy $822 müň boldy.

Ýene degişli makalalar

Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda Alkaras bilen Ruud göreşer
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar