Onuň alyhezretleri karýerasyny tamamlady

Tennis sportunyň ägirdi, eýýämden adyny rowaýatylaryň hataryna ýazdyran ussat tennisçi Rojer Federer karýerasyna soňky nokady goýdy. 41 ýaşyndaky şweýsar tennisçisi soňky gezek Londonda geçirilen Laver Kubogy ýaryşynda jübütleýin duşuşykda karýerasyndaky esasy bäsdeşi, şol bir wagtyň özünde-de dosty Rafael Nadal bilen bir toparda çykyş etdi.

Duşuşyga tomaşaçylar uly gyzyklanma bildirdi.Duşuşygyň hasabynyň o diýen möhüm bolmadyk oýnundan soň Federer tolgundyryjy göz ýaşlar bilen 24 ýyllyk professional karýerasyny tamamlady.

Duşuşykda Federer-Nadal ikisi Jek Sok-Fransis Tiafou ikisinden 2:1 hasabynda asgyn geldi.

Onuň alyhezretleri lakamly tennisçi karýerasy boýunça 20 Uly tuwulga gazandy.Wimbledon-da 8, Awstraliýa Açykda 6, Amerika Açykda 5 hem-de Rolan Garros-da 1 gezek kubogy eýelän şweýsariýaly tennisçi ATP ýaryşlarynda 103 gezek çempion bolmagy başardy.

Yzly-yzyna 237 hepdeläp ATP-niň sanawynda 1-nji orunda galan Federer 2005-2010-njy ýyllar aralygyndaky 19 Uly tuwulgada 18 gezek finala çykdy.Federer karýerasy boýunça 1 milliard dollardan köp girdeji gazanan ilkinji tennisçi hökmünde taryha girdi.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Topragyň hakyky eýesi Nadal
Rojer Federer şikes sebäpli US Open-i we möwsümiň galan bölegini sypdyrar
Uly tuwulgalarda iki çempionlyk gazanan ilkinji tennisçi
Dördüsinde azyndan iki çempionlyk gazanan ilkinji tennisçi
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar