Alkaras Jokowiçiň rekordlaryna böwet boldy

Möwsümiň 3-nji “Uly tuwulga” ýaryşy “Wimbledon” täze çempionlaryň çempionlygy bilen tamamlandy. 2 hepdeläp dowam eden 136-njy “Wimbledon” ýaryşynda erkekleriň arasynda 20 ýyldan soň täze çempion ýüze çykdy.

Zenanlardan bolsa soňky 6 ýylda 6-njy täze çempion hasaba alyndy.Umumy baýrak gaznasy 44,7 million funt sterlinge deň bolan ýaryşda çempionlaryň hersine aýratynlykda 2,23 million funt sterling pul baýragy berildi.

Ýaryşyň jemleýji gününde erkekleriň arasyndaky final duşuşygy oýnaldy.Sanawyň 1-nji we 2-nji belgilili tennisçileriniň arasyndaky bu duşuşyk 5 sagada golaý, ýagny 4 sagat 42 minutlap dowam etdi. Ýeňiji 5 setde kesgitlenildi.

Duşuşyga juda şowly başlan serbiýaly Nowak Jokowiç 1-nji setde garşydaşy Karlos Alkarasy 34 minutda 6:1 hasabynda ýeňdi. Ýöne munuň tersine 2-nji set diýseň çekeleşikli geçip, 84 minudyň dowamynda Alkaras taý-brek bilen Jokowiçi ýeňlişe sezewar etdi.

Jokowiç yzly-yzyna gazanan 15 ýeňşinden soň taý-brekde ilkinji gezek ýeňildi. 3-nji setde ispaniýaly tennisçä ýeňiş gazanmak kyn düşmedi.Bu gezek Alkaras 6:1 hasap bilen ýeňiş gazandy. 4-nji setde Jokowiç 6:3 hasabynda üstün çykyp, umumy hasaby deňlemegi başardy.

Final setinde bolsa 20 ýaşyndaky Alkaras güýçli garşydaşyny 6:4 hasabynda ýeňip, “Wimbledondaky” ilkinji, “Amerika Açykdan” soň karýerasyndaky 2-nji “Uly tuwulga” kubogyny asmana göterdi.Bu onuň 12-nji çempionlygy bolup, ol soňky 20 ýylda Rojer Federer (8), Nowak Jokowiç (7), Rafael Nadal (2) hem-de Endi Mörriden (2) başga “Wimbledonda” çempionlyk gazanan ilkinji tennisçi hökmünde hasaba alyndy.

“Wimbledonda” yzly-yzyna 5-nji, umumylykda 8-nji çempionlyk gazanyp Federeriň rekordyna ymtylan Jokowiçe bu görkezijilere ýetmek başartmady.Onuň 24-nji “Uly tuwulga” kubogyny gazanyp, Margaret Kortuň rekordyny täzelemek arzuwy hem soňa galdy. Şeýle-de, onuň “Awstraliýa Açyk” hem-de “Fransiýa Açyk” ýaryşlaryndan soň möwsümiň 3-nji “Uly tuwulgasyny-da” gazanyp, möwsümde 4 “Uly tuwulgada-da” çempion bolmak mümkinçiligi hem galmady.

Jokowiç çempionlyk gazanan ýagdaýynda başga-da birnäçe rekordy täzelemelidi. “Uly tuwulgalarda” 35-nji gezek finala çykyp, bu ugurda Kris Ewertiň rekordyny täzelen Jokowiç “Wimbledonda” 2013-nji ýyldan soň 2-nji, umumylykda-da “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň finalynda 12-nji sapar ýeňlişe sezewar boldy.

Ýene degişli makalalar

Rojer Federer karýerasyny tamamlaýar
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Jokowiç US Open-iň finalynda Medwedewden üstün çykdy
Nadal rekordy öz adyna geçirdi
Jokowiçiň 13-nji, Kerberiň 3-nji “Uly tuwulgasy”
“Wimbledon” tennis ýaryşyna 145 ýyl doldy