Jokowiç US Open-iň finalynda Medwedewden üstün çykdy

Jokowiç US Open-iň finalynda Medwedewden üstün çykdy

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Açyk çempionaty — US Open-iň finalynda russiýaly Daniil Medwedewi ýeňlişe sezewar etdi.

3 sagat 17 minut dowam eden final oýny 6:3, 7:6 (7:5), 6:3 hasabynda Jokowiçiň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, Nowak Jokowiç öz karýerasynda dördünji gezek US Open-iň çempiony boldy. Ol mundan ozal 2011-nji, 2015-nji hem-de 2018-nji ýyllarda bu ýaryşda baş baýraga eýe çykypdy. Mundan başga-da, Jokowiç uly tuwulga ýaryşlaryndaky çempionlyklarynyň sanyny 24-e ýetirip, bu ugurda awstraliýaly Margaret Kort bilen deňleşdi.

Daniil Medwedew bolsa karýerasynda bäşinji gezek uly tuwulga ýaryşynyň finalynda korta çykyp, bu babatda russiýaly erkek tennisçileriň arasynda täze rekordyň eýesine öwrüldi. Mundan ozalky rekord uly tuwulga ýaryşlarynyň finalynda dört gezek korta çykan Marat Safine degişlidi.

Ýeri gelende bellesek US Open ýaryşynyň şu ýylky baýrak gaznasy 65 million amerikan dollaryna deň boldy.

Ýaryşyň çempiony Nowak Jokowiç 2000 reýting utugyna hem-de 3 million amerikan dollary möçberde pul baýragyna mynasyp boldy. Finalda ýeňlişe sezewar bolan Daniil Medwedew bolsa 1200 reýting utugy hem-de 1,5 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç US Open-e gatnaşmajakdygyny habar berdi
Ispaniýaly Alkaras US Open-iň ýeňijisi boldy
US Open-iň baýrak gaznasy ilkinji gezek 60 mln dollardan geçer
Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy
Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy
Medwedow dünýäniň birinji raketkasy derejesinde özüniň ilkinji oýnuny ýeňiş bilen tamamlady