Jokowiç Rolan Garrosda çempion bolup, ATP reýtinginiň liderine öwrüldi

Jokowiç Rolan Garrosda çempion bolup, ATP reýtinginiň liderine öwrüldi

Dünýäniň üçünji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç Rolan Garros — 2023-iň finalynda norwegiýaly Kasper Ruudy ýeňlişe sezewar edip, ýaryşyň çempiony boldy.

3 sagat 16 minut dowam eden final oýny 7:6, 6:3, 7:5 hasabynda Jokowiçiň peýdasyna tamamlandy.

Ýeri gelende bellesek, bu Rolan Garros uly tuwulgasyndaky üçünji çempionlygydyr. Ol umumylykda, 23 gezek uly tuwulga ýaryşlarynda çempion bolmagy başardy.

Rolan Garros — 2023-däki çempionlyk üçin 2 million 300 müň ýewro pul baýragyny hem-de 2000 reýting utugyny gazandy.

Şeýlelikde, ol ýene ATP reýtinginiň liderine öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Jokowiç Uly tuwulga ýaryşlarynda ýeňişleriniň sany boýunça rekord goýdy
Ýarym asyrdan soň ilkinji gezek Uimblona dünýäniň birinji we ikinji raketkasy gatnaşmaz