Rolan Garros finaly boýunça Nadalyň bäsdeşi belli boldy

Rolan Garros finaly boýunça Nadalyň bäsdeşi belli boldy

Ispaniýaly Rafael Nadal Fransiýanyň tennis boýunça açyk çempionatynyň ("Rolan Garrros") finalynda norwegiýaly Kasper Ruudyň garşysyna oýnar.

Ruud bilen Marin Çiliçiň arasyndaky ýarym final duşuşygy dört torda 3:6, 6:4, 6:2 hasap bilen tamamlandy. 33 ýaşly Çiliç (dünýäniň 23-nji raketkasy) karýerasynda ilkinji gezek "Rolan Garros"-yň ýarym finalyna çykdy. Şoňa çenli horwat kortdaky iň gowy üstünligini Parižde 2017-nji we 2018-nji ýyllarda çärýek finallarda görkezipdi.

Fransiýanyň açyk çempionaty "Uly tuwulga"-nyň soňky, Çiliçiň hiç hili ýagdaýda finala çykyp bilmedik turniri bolmagynda galýar. 2014-nji ýylda ol ABŞ-yň Açyk çempionatynda (US Open) ýeňiş gazanypdy, 2017-nji we 2018-nji ýyllarda bolsa,degişlilikde, Uimbldonda we Awstraliýanyň açyk çempionatynda (Australian Open) finala çenli ýetipdi.

Ýene degişli makalalar

Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Rolan Garrosdaky ýarym finallara Nadal bilen Zwerew başlap berer
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Nowak Jokowiç ýedinji gezek Uimbldonyň ýeňijisi boldy
Rolan Garros — 2023: Swýontek ýene çempion
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary