Parižiň iň ussady Medwedew

Tennis boýunça Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen baýrak gaznasy 3 million 732 müň 680 ýewro deň bolan “Pariž Masters” (“Ussatlar”) tennis ýaryşynda russiýaly Daniil Medwedew ýeňiş gazandy.Ol finalda germaniýaly Aleksandr Zwerewden üstün çykdy. 2 sagat 8 minutlap dowam eden finalyň 1-nji setinde Zwerew 7:5 ýeňiş gazanýar. 2-nji setde erjel oýun görkezen Medwedew 6:4 ýeňiş gazanyp, umumy hasaby deňleýär.

Final setinde-de 6:1 hasabynda üstün çykan Medwedew karýerasyndaky 8-nji ATP çempionlygyny gazanýar.Bu onuň “Masters” ýaryşlaryndaky 3-nji çempionlygydyr.

The post Parižiň iň ussady Medwedew appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Pariždäki ilkinji çempionlygy
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Ýarym asyrdan soň ilkinji gezek Uimblona dünýäniň birinji we ikinji raketkasy gatnaşmaz
Monrealdaky Mastersde XX asyrdaky sensasiýa gaýtalandy
Möwsümi super jemledi
Daniil Medwedew ATP-niň reýtinginiň başyna geçdi
Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy