Ussatlaryň ýeňijisi — Jokowiç

Möwsümiň 7-nji “Masters” (Ussatlar) ýaryşy “Sinsinnati Masters” tennis bäsleşiginde erkekleriň arasynda Nowak Jokowiç, zenanlardan Kiki Bertens ýeňiş gazandy.ABŞ-nyň Ohaýo ştatynda geçirilen ýaryşyň erkekleriň arasyndaky finalynda serbiýaly Nowak Jokowiç bilen bu ýaryşda 7 çempionlyk gazanan şweýsariýaly Rojer Federer duşuşdy.

Iki tennisçi mundan ozalam 46 gezek gabatlaşyp, şolaryň 23-sinde Jokowiç ýeňiş gazanypdy.Iki setde-de 6:4 hasaplar bilen garşydaşyny ýeňlişe sezewar eden Jokowiç, bu ýerde ilkinji çempionlygyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, 31 ýaşyndaky Jokowiç 9 “Masters” (“Indian Wells Masters”, “Maýami Açyk”, “Monte-Karlo Masters”, “Madrid Açyk”, “Italiýa Açyk”, “Kanada Açyk”, “Sinsinnati Masters”, “Şanhaý Masters”, “Pariž Masters”) ýaryşynyň ählisinde-de çempionlyk gazanan ilkinji tennisçi bolmagy başardy.

Federeriň, Nadalyň hem-de Mýurreýiň 1991-nji ýyldan bäri geçilip gelinýän” Masters” ýaryşlarynyň 7-sinde çempionlygy bar.Galyberse-de, 70-nji ATP çempionlygyny gazanan Nowak Jokowiç 31-nji “Masters” kubogyny asmana göterdi.

Ol bu babatda 33 kubokly Nadaldan soň, 2-nji hatarda barýar.

“Sinsinnati Masters” ýaryşynda zenanlaryň arasynda gollandiýaly Kiki Bertens bilen soňky wagtlarda çempionlyklar gazanýan rumyniýaly Simona Halep duşuşdy. 1-nji setde Halep 6:2 ýeňiş gazandy.Soňabaka ýadawlygy duýlup başlan, mundan 1 hepde öň “Kanada Açykda” çempion bolan Halep 2-nji setde taý-brekden soň, 7:6 asgyn geldi. 3-nji setde-de Bertens 6:2 hasaby bilen güýçli garşydaşyny ýeňip, karýerasyndaky iň uly çempionlygyna mynasyp boldy.

Bu ýeňiş 26 ýaşly tennisçiniň 6-njy WTA çempionlygy bolup, ol 17-nji basgançakdan 13-nji orna beýgeldi.Sanawyň lideri Halep bolsa, bu ýaryşda bassyr 2-nji, umumylykda-da 3-nji gezek finalda utuldy.

Bertensiň şu ýaryşda finala çenli Karolina Wozniaski, Elina Switolina, Petra Kwitowa ýaly tennisçileri ýeňlişe sezewar edendigini hem belläliň.

Ýene degişli makalalar

Möwsümi Barti jemledi
Möwsümi Switolina jemledi
Sport täzelikleri
Tennis täzelikleri
Mertensiň 5-nji çempionlygy
Mertensiň 5-nji çempionlygy