Mertensiň 5-nji çempionlygy

Zenanlaryň arasynda geçirilen “Katar Açyk” tennis ýaryşynyň finalynda belgiýaly Elize Mertens bilen rumyniýaly Simona Halep duşuşdy. 2 sagat 13 minutlap dowam eden finalda Mertens 2:1 ýeňiş gazandy.

Ol 1-nji setde 6:3 hasabynda asgyn geldi. 2-nji setde tijenen Mertens 6:4 ýeňiş gazanyp, hasaby deňledi.Final setinde-de 6:3 hasabynda ýeňşini baýram eden Mertens karýerasyndaky 5-nji kubogyny asmana göterdi.

Mertens soňky 12 ýylda bu ýaryşda ýeňiji bolan ilkinji belgiýaly tennisçidir. Şu ýylky ilkinji finalynda utulan Halep 2014-nji ýylda bu ýaryşda ýeňiş gazanypdy. 2001-nji ýylda esaslandyrylan “Katar Açyk” 2015-nji ýyldan bäri Dohada (920 müň $) we Dubaýda (2,7 million $) gezekleşdirilip geçirilýär.

Täk ýyllarda “Premýer” (Doha) görnüşinde 44 türgeni kabul etse, jübüt ýyllarda “WTA Premýer 5” (Dubaý) görnüşinde geçirilip, oňa 84 tennisçi gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Rybakina möwsümi jemledi
“Galatasaraý” iki ýyldyz oýunçy bilen şertnama baglaşdy
De Bruýne, Hazar, Lukaku, Kurtua Belgiýanyň düzümi mälim edildi
“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi
Gysga setirlerde: 15-nji fewralda sport habarlary
Öňünden çykany ýeňýär