Ýewropada Ukrainanyň howpsuzlyk kepillikleri maslahatlaşylýarka, Russiýa Kupýansky ele saldy

Ýewropada Ukrainanyň howpsuzlyk kepillikleri maslahatlaşylýarka, Russiýa Kupýansky ele saldy

Russiýa Ukrainanyň strategik taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan demirgazyk-gündogardaky Kupýansk şäherini doly öz gözegçiligine alandygyny yglan etdi.

Russiýanyň "Zapad" (Günbatar) harby toparynyň başlygy Leonid Şarow sişenbe güni TASS habar agentligine beren interwýusynda Ukrainanyň şähere gaýtadan girmek synanyşyklaryna garamazdan, "Kupýansk şäherin Russiýanyň 6-njy goşunynyň gözegçiliginde galýar" diýdi.

Kiýew birnäçe sebiti we golaýdaky iki ilatly nokady yzyna alandygyny habar berenden soň, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Kupýansk şäheriniň golaýyndaky front liniýasyna baryp görüpi. Bu sapar sebitde gözegçilik ugrundaky göreşiň dartgynlylygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Şarow kiçi ukrain bölümleriniň şäheri yzyna almak üçin her gün synanyşyklaryny dowam etdirýändigini, ýöne rus güýçleriniň sebitde öz güýjüni berk saklaýandygyny, munuň bolsa logistika we harby ýük daşamak üçin örän möhümdigini beýan etdi.

Beýleki tarapdan Russiýa Harkow sebitindäki Nowoplatoniwka obasyny basyp alandygyny öňe sürdi. Moskwa şeýle hem Ukrainanyň Gara deňiz flotunyň suwasty gämisiniň Noworossiýsk deňiz bazasynda batyrylandygy baradaky habaryny ret etdi. Flotyň metbugat gullugynyň başlygy kapitan Alekseý Rulew bu habarlary "esassyz" diýip häsýetlendirdi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky hüjümler dowam edýär
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
“Rubin” 2-nji liga düşdi
Sluskiý RLDP-niň täze başlyklygyna saýlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi