Alem Sport apparels and shoes dükany sport we adaty futbolkalaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

Alem Sport apparels and shoes dükany sport we adaty futbolkalaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

Futbolka — diňe bir sport üçin däl, eýsem gündelik durmuşda-da höwes bilen geýmäge niýetlenen sport eşikleriniň iň meşhur görnüşidir. Köp markaly Alem Sport apparels and shoes dükanynda sportuň ähli görnüşleri üçin hem-de her günde geýmek üçin niýetlenen futbolkalaryň köp hili görnüşleri alyjylara ýetirilýär.

Bu ýerde saýlap almak üçin erkekler, zenanlar hem-de çagalar üçin Puma, Nike, Reebok, Under Armour ýaly dünýä meşhur sport egin-eşik öndürijileriniň, şeýle hem Alem Sport apparels and shoes dükanynyň resmi wekili bolup durýan Buka we Lotto brendleriniň ýokary hilli önümleri bar.

Alem Sport apparels and shoes dükanynyň sport futbolkalary howa geçirijiligi we çyglylygy aýyrmak ukyby bolan ýörite matalardan tikilýär. Şoňa görä-de olar dem alýar we çalt guraýar. Şeýle matalardan tikilen eşiklerde sport bilen meşgullanmak, hatda iň köp energiýa talap edýän sport görnüşlerine gatnaşmak hem oňaýlydyr.

Alem Sport apparels and shoes dükany Berkarar söwda we dynç alyş merkeziniň 1-nji gatyndaky B-66 dükanynda müşderilere garaşýar. Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 62) 00 66 55, (+993 65) 80 25 52, (+993 12) 46 84 07. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Alem Sport dükanlar tory harytlaryň giň assortimentini 12 aý garaşaryna hödürleýär
Aşgabatdaky Alem Sport apparels and shoes dükany — durmuş stilini sport we moda hasaplaýanlar üçin
Alem Sport dükanlary sport harytlarynyň ähli görnüşine 24% arzanladyşyň möhletini uzaltdy
Sport güýzi: Alem Sport apparels and shoes möwsümleýin eşikleri we aýakgaplary hödürleýär
Aşgabatdaky Alem Sport apparels and shoes multibrend dükany sport aýakgabyny satyn alanlara sowgat berýär
Alem Sport apparels and shoes sport dükanynda çaga kolleksiýalaryna 20% arzanladyş yglan edildi