Alem Sport dükanlar tory harytlaryň giň assortimentini 12 aý garaşaryna hödürleýär

Alem Sport dükanlar tory harytlaryň giň assortimentini 12 aý garaşaryna hödürleýär

Alem Sport sport dükanlarynyň tory alyjylaryna harytlaryň köpdürli görnüşlerini amatly mümkinçilik esasynda — 12 aý garaşaryna bölekleýin töleg geçirmek şerti bilen satyn almagy hödürleýär.

Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin bolsa alyjy pasportynyň asyl nusgasyny hem-de göçürme nusgasyny, şeýle-de işleýän ýerinden kepilnama getirmelidir.

Alem Sport dükanlarynyň assortimentinde futbol, basketbol, woleýbol, hokkeý, tennis, ylgamak, fitnes we beýlekiler ýaly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenen harytlaryň bardygyny ýatladýarys.

Alem Sport geýim we aýakgap dükanyndan alyjylar Lotto, Nike, Reebok, Buka, Under Armour, Puma we beýleki öňdebaryjy sport industriýasynyň brendleriniň ýokary hilli harytlaryny tapyp bilerler. Alem Sport enjmalar we aksessuarlar bölümine barmak bilen bolsa, türgenleşik üçin zerur bolan enjamlary, sport üpjünçiliklerini hem-de aksessuarlary saýlamak bolýar.

Dükanlar torunyň tejribeli maslahat beriji satyjylary islendik bir sport görnüşi üçin iň laýyk boljak harydy saýlamaga ýardam ederler hem-de dürli modelleriň we brendleriň aýratynlyklary barada maslahat bererler.

Sport harytlaryny garaşaryna satyn almak barada has giňişleýin maglumat almak üçin şu görkezilen belgiler arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

Alem Sport enjamlar & aksessuarlar

Alem Sport geýim & aýakgap

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Alem Sport dükanlary sport harytlarynyň ähli görnüşine 24% arzanladyşyň möhletini uzaltdy
Aşgabatdaky Alem Sport apparels and shoes multibrend dükany sport aýakgabyny satyn alanlara sowgat berýär
Aşgabatdaky Alem Sport apparels and shoes dükany — durmuş stilini sport we moda hasaplaýanlar üçin
Alem Sport apparels and shoes sport dükanynda çaga kolleksiýalaryna 20% arzanladyş yglan edildi
Alem Sport apparels and shoes dükany sport we adaty futbolkalaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär
Sport güýzi: Alem Sport apparels and shoes möwsümleýin eşikleri we aýakgaplary hödürleýär