Algap we Begler ýoly kärhanalarynyň önümleri TSTB-2023 sergisinde tanyşdyrylýar

Algap we Begler ýoly kärhanalarynyň önümleri TSTB-2023 sergisinde tanyşdyrylýar

Begler ýoly hem-de Algap hususy kärhanalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ykdysady üstünlikleriň sergisine gatnaşýar.

Bu kärhanalar sergide dürli görnüşli önümlerini, şol sanda plastikden ýasalan önümleri — suwuk we azyk önümler üçin gaplary (süýt, ýag, üwmeç üçin...), taýýar tagamlar hem-de ownuk önümler üçin konteýnerleri, çemçeleri we wilkalary, himiýa serişdeleri üçin plastik gaplary, gök we miwe önümlerini saklamaga niýetlenen plastik sebetleri, şeýle-de kompozit materialdan taýýarlanan armaturalary gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdiler.

Kärhanalaryň önümleri SO-9001: 2015, GmbH, 5S, DQS we beýlekiler ýaly önümiň hil we howpsuzlyk aýratynlyklaryna güwä geçýän halkara sertifikatlar bilen tassyklanandyr.

Bu önümçiliklerde alyjylara ýetirilýän ýokary hilli önümler diňe bir ýurduň çägindäki sergilere gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, Gazagystan, Russiýa, Azerbaýjan we Gruziýa ýaly ýurtlara hem eksport edilýär.

Begler ýoly we Algap hususy kärhanalarynyň önümleri aýratyn-da azyk senagatyň çygrynda giňden peýdalanylýar, şeýle-de bu önümleri gündelik durmuşda hojalykda hem ulanmak bolýar.

Aýna plastikden ýasalýan kompozit armaturasy binalaryň binýadyny we port desgalaryny gurmakda, şeýle hem awtoulag ýollaryny berkitmekde we awtoulag köprüleriniň gurluşygynda giňden ulanylýar. Bu armatura metala görä has ýeňil bolup, berkligi babatda ondan kän bir pesde durmaýar, şeýle-de onuň poslamak meselesi hem ýokdur.

Algap we Begler ýoly hususy kärhanalarynyň önümleri bilen 23-nji marta çenli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän sergä baryp tanşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

“Türkmen berk-metal” tegmilleri aýryjy serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy
Türkmen kompaniýalary Hytaýda geçiriljek halkara sergilere çagyryldy
Türkmen kompaniýalary Hytaýda geçiriljek uly söwda sergisine çagyrylýar
Türkmen telekeçileri Pekinde geçiriljek iri awtoulag sergisine çagyrylýar
Türkmenistan Hytaýyň abraýly awtoulag sergisine çagyryldy
Türkmen telekeçileri Ýewraziýa ýeňil senagat sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi 2025-nji ýylda açylar