Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi 2025-nji ýylda açylar

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi 2025-nji ýylda açylar

2025-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebini açmak meýilleşdirilýär. Onuň gurluşygy häzirki wagtda “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar.

Kompaniýanyň wekili Wepa Melebaýewiň sözlerine görä, häzirki wagtda gurluşyk işleri 50 göterim ýerine ýetirildi, bezeg işleri bolsa meýilnama esasynda alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

2700 talyba niýetlenen okuw toplumy alty sany fakulteti, kitaphana, mejlisler jaýy, giň naharhana, umumy ýaşaýyş jaýlary, sport meýdançalary we awtoduralgalary öz içine alýan desgalary jemleýär. Munuň özi köpugurly talyp şäherjigini döreder.

Türkmenistanda işewürlik mekdepleri ozaldan hereket edip gelýär. Täze okuw toplumy bolsa telekeçilik we işewürlik ugrunda çuňlaşdyrylan bilimleri hödürleýän ilkinji ýokary okuw mekdebi bolar.

Habarda bellenilişine görä, Türkmenistanyň ýaş nesilleriniň mümkinçiliklerini berkitmäge ýardam etjek bu taslama ýurduň innowasion we ykdysady ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolmaga ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

2008-nji ýylda jemgyýetçilik guramasy hökmünde döredilen TSTB-niň maksady Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamakdan, milli ykdysadyýetiň düzüminde hususy pudagyň ösüşini ilerletmekden hem-de döwrebap telekeçilik düzümlerini kemala getirmekden ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

Nurland milli brendi erkeklere niýetlenen kostýumlary tikmek sungatyny görkezýär
Ayna denim kompaniýasy TSTB-niň sergisinde özüniň eksport mümkinçiliklerini görkezdi
Aşgabatda telekeçilik ugry boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji ýokary okuw mekdebiniň taslamasy görkezildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Tähranda Howanyň Hapalyk Derejesi Aşa Ýokarlady
Eýranda Howanyň Hapalygy Sebäpli Okuwlara Arakesme Berildi