Tähranda Howanyň Hapalyk Derejesi Aşa Ýokarlady

Tähranda Howanyň Hapalyk Derejesi Aşa Ýokarlady

Eýranyň habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä Tähranyň şäher häkiminiň orunbasary Abid Meleki şäherdäki howanyň hapalyk derejesi hem-de görülen çäreler hakynda beýannama berdi.

Meleki: “Howanyň hapalygy boýunça adatdan daşary ýagdaý topary iňňän ýaramaz şertler sebäpli maslahat geçirdi. Sişenbe güni howanyň hapalyk derejesi hasam ýokarlar. Şol sebäpli Tährandaky ähli edaralar, ýokary okuw jaulary bilen bilelikde ähli mekdepleriň ýapylmagy hakynda karar kabul edildi” diýdi.

Tähraniň Gubernatory Ýezdi Mehr bolsa; “Meteorologiýa edarasynyň beýan etmegine görä Tähranda mämişi şert ýüze çykdy. Tähran halkyny şu gün we ertir öýlerinden çykmazlyga çagyrýarys” diýdi.

Şäheriň howanyň aýlanmagyna amatly bolmadyk ýerleşişi we ilatyň gürlügi bilen köne awtoulaglaryň hem-de motosiklleriň çykarýan tüssesi Tähranda howanyň hapalanmagyny artyrýan esasy sebäplerden kabirleri.

Tähran dünýäde howasynyň hapalygy boýunça üçünji ýerde durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Eýranda Howanyň Hapalygy Sebäpli Okuwlara Arakesme Berildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi 2025-nji ýylda açylar
Moskwa şäherinde Türkmenistandaky möhüm wakalara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
MOSKWA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANDAKY MÖHÜM WAKALARA BAGYŞLANAN DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI