Altyn Ýunus kärhanasy ýokary hilli we datly azyk önümlerini hödürleýär

Altyn Ýunus kärhanasy ýokary hilli we datly azyk önümlerini hödürleýär

Türkmenistanda Ýunus haryt nyşanly önümleri bilen giňden tanalýan Altyn Ýunus hususy kärhanasy 2014-nji ýyldan bäri müşderilere harytlaryny ýetirip gelýär.Alyjylar tarapyndan kärhananyň önümlerinden Ýunus haryt nyşanly çigitler we maňyzlar, şeýle-de şekerli we şekersiz sakgyçlar has giňden satyn alynýar. Ýakynda bolsa kärhananyň önüm görnüşleriniň hatary Melek haryt nyşanly kökeler, şokolad batonlary, şokolad örtükli wafliler, çöpli süýjüler hem-de şokoladly ýumurtgalar ýaly dürli hili konditer önümleri bilen artdyryldy.

Altyn Ýunus hususy kärhanasy 2014-nji ýylda hasaba alnyp, ondan öň bolsa kärhananyň esaslandyryjysy dürli önümleriň lomaý we bölek satuw söwdasy bilen meşgullanýardy. 2016-njy ýylda bu haryt nyşanyň ilkinji önümhanasy Maryda, dört ýyl soňra bolsa Aşgabadyň golaýynda — Änew şäherçesinde ikinji önümhanasy açyldy.

Ilkinji kärhana gowrulan çigitleriň we maňyzlaryň önümçiligine ýöriteleşip, soňlugy bilenem çöpli süýjüleriň, Ýunus hem-de Well haryt nyşanly şekerli we şekersiz sakgyçlaryň önümçiligini özleşdirdi. 2020-nji ýyldan başlap kärhana köke we şokolad ýaly konditer önümlerini öndürip başlady.

Kärhananyň konditer we maňyz önümleri diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem golaýdaky daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Kärhana önümlerini Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Azerbaýjana we Russiýa, şeýle hem Hytaýa, Owganystana, Eýrana hem-de Türkiýä eksport edýär. Geljekde bolsa Belarus, Ermenistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Mongoliýa we Afrika döwletleri ýaly ýerlere önümleriň satuwyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Altyn Ýunus hususy kärhanasynyň önümleri halkara hil we howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan ISO 22000, ISO 9001, HACCP hem-de Halal halkara standartlary bilen tassyklanandyr.

Kärhananyň önümhanalary Türkiýäniň we Ýewropanyň öndürijileriniň häzirki zaman önümçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, önümlere we çig mallara barlaghana şertlerinde düýpli gözegçilik edilýär we önümhanalarda işleýän hünärmenleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Önüm öndürmekden başga-da, Altyn Ýunus kärhanasy bütin ýurduň çägi boýunça giň paýlaýyş toruna eýedir.

Habarlaşmak üçin salgylar:

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Rafah şäheriniň käbir etrapçalaryny boşaltmaga başlady
Ysraýylly esgerler Gazada tiz kömek ulaglarynyň açarlaryny ogurladylar
Türkmen kärhanalary öz önümlerini Moskwadaky “Prodekspo-2024” sergisinde görkezýärler
Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Terrorçy Ýunus Demir Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Gazada ýene-de bir metbugat işgäri öldürildi
Gazada, Soňky 24 Sagatda 215 Palestinaly Öldürildi