Aliýew Bilen Paşinýan Brýusselde Duşuşarlar

Aliýew Bilen Paşinýan Brýusselde Duşuşarlar

ÝB Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel Ispaniýanyň Granada şäherinde geçirilen ÝB-niň liderleriniň resmi däl maslahatyna barýarka žurnalistlere beren beýannamasynda, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen Ermenistanyň Prezidenti Nikol Paşinýany Brýussele çagyrandygyny aýtdy.

Liderleriň çakylyga oňyn garandyklaryny aýdan Mişel, aýyň ahyrynda Brýusselde üçtaraplaýyn duşuşygyň geçiriljekdigini habar berdi.

Düýn Ýewropanyň syýasy bileleşiginiň çäginde ÝB Geňeşiniň, Ermenistanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri duşuşyp, maslahatdan soň beren bilelikdäki beýannamalarynda kadalaşma tapgyryny goldaýandyklaryny nygtapdy.

Aliýewiň gatnaşmadyk maslahatynda liderler serhetleri kesgitleme işleriniň depgininiň güýçlendirilmegini, saklananlaryn ikitaraply yzyna berilmegi, dereksiz ýitenler we minadan saplaýyş işleriniň netijeli dowam etdirilmelidigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Aliýew Bilen Paşinýan Ispaniýada Duşuşar
Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer
Türkmenistan we “Euronews” telekompaniýasy bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdylar
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Wekilleri Ertir Brýusselde Duşuşar
Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorkda Günorta Koreýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi