Türkmenistan we “Euronews” telekompaniýasy bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdylar

Türkmenistan we “Euronews” telekompaniýasy bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow “Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen ýakyn geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hem-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berýär.

Duşuşyk Brýusselde “Euronews” tarapyndan guralan Ýewropa Bileleşigini giňeltmek boýunça Sammitiň çäklerinde geçirildi. Oňa Ýewropa Bileleşigine agza bolmak isleýän ýurtlaryň ýolbaşçylary gatnaşyp, Ýewropa bilen integrasiýa ugrundaky öňegidişlikleri maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow Moldowanyň Ýewropa Bileleşigi bilen aradaky dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna bagyşlanyp, Moldowanyň Brýusseldäki Ilçihanasy tarapyndan guralan dabaraly kabul edişlige gatnaşdy. Çärä Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýýa Sandu hem gatnaşdy.

Kabul edişligiň çäginde türkmen diplomaty Ýewropa Geňeşiniň ozalky Prezidenti, häzirki wagtda bolsa Belgiýanyň Döwlet ministri, Prezident-emiritus Şarl Mişel bilen duşuşdy. Taraplar sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şarl Mişel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli sözlerini we iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer
Antonio Kosta ÝB Geňeşiniň Başlyklygyna Saýlandy
4 Ýurt Russiýa we Belarus Bilen Goranyş Zolagynyň Gurulmagyny Talap Etdi
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi