Ýewropa we Aziýa sowuk gyşyň golastyna düşdi

Ýewropa we Aziýa sowuk gyşyň golastyna düşdi

Ýewropany gyş sowugy gaplap aldy, häkimiýetler ýerli ýaşaýjylara şeýle ýakymsyz pasyly aman geçmekde ýardam etmäge çalyşýarlar. Lissabonda öýsüzler üçin ýörite ýylanmak üçin merkezler hereket edýär, emma kähalatda adamlary ol ýerlere barmaga ynandyrmak kyn düşýär diýip, Euronews.com ýazýar.

Gresiýada hem güýçli gyş harasaty höküm sürýär, ýurduň Afiny şäheridir beýleki ülkelerine ýagan çabgalar sil joşgunlaryny döretdi, polisiýa adamlary mümkin boldugyça öýde galmaga ynandyrmaga çalyşýar.

Aziýa ýurtlary-da ýowuz gyşy başdan geçirýär. Ýaponiýanyň demirgazyk we gündogar etraplaryna gar ýagdy, bu bolsa jahankeşdeler üçin çynlakaý kynçylyklary döretdi.

Güýçli aýazlardyr çapgyn ýeller Günorta Koreýadan sowlup geçmedi, kä ýerlerde garyň galyňlygy 70 santimetre ýetdi.

Arap ýarymadasyna hem gyşyň sowuk demi ýetdi, Omanyň daglarynda bu ülkeler üçin juda seýrek ýagdaý bolan gar ýagmagy dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar ligasynyň 4-nji hepde duşuşyklary tamam boldy
Mançester Ýunaýted Çempionlar ligasyna çykmasa, Ronaldu klubdan gidip biler
Daşary ýurtlular üçin iň gowy şäherler belli edildi
UEFA Çempionlar ligasynyň 6-njy hepdesinde 6 duşuşyk geçirildi
Ýewropa garaşylmadyk bahar geldi
Çempionlar ligasy: PSŽ Realy, ManSiti Sportingi ýeňdi