Almatada Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň işi ara alnyp maslahatlaşyldy

Almatada Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň işi ara alnyp maslahatlaşyldy

Almata şäherinde Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini ulanmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 29-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada energyland.info saýtynda habar berildi.

Duşuşyga gatnaşyjy taraplar gaz geçirijisiniň bilelikdäki gurluşygy we ulanylyşy boýunça hyzmatdaşlygyň netijelerine ýokary baha berdiler we bu ugurdaky tagallalary mundan beýläk-de ýokarlandyrmak baradaky meýillerini beýan etdiler.

Türkmenistan— Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy biziň ýurtlarymyz üçin möhüm ähmiýete eýedir. 15 ýyldan gowrak wagt bäri, bu gaz geçiriji üstünlikli işleýär we dört ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär.

KazakGaz hem öz gezeginde goňşy ýurtlar bilen geologiki gözleg, önümçilik, transport, satuw we turbageçirijileri pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy maksat edinýär diýip, mejlise gatnaşan Gazagystanyň KazakGaz açyk paýdarlar jemgyýetiniň wekili Sanjar Jirkeşow gürrüň berdi.

Çeşmede bellenilişi ýaly, mejlisiň jemleri boýunça gelnen netijeler energiýa hyzmatdaşlygyny gowulandyrmak üçin taraplaryň mundan beýläkki bilelikdäki işine möhüm goşant goşar.

Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi Merkezi Aziýa bilen Hytaý birleşdirýän strategiki taýdan möhüm energetiki köprüdir. Onuň durnukly işlemegi, ýurtlaryň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylda Türk döwletlerinde başdan geçirlen möhüm wakalar
Türkmenistan we Gazagystan gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
USAID Almaty şäherinde 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny açdy
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Almatyda Duşuşar
Azerbaýjan-Ermenistan Gepleşikleri Başlady
TÜRKSOÝ-na AGZA DÖWLETLERIŇ ÝUNESKO-nyň IŞLERI BARADA MILLI TOPARLARYNYŇ MEJLISI
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary