2023-nji ýylda Türk döwletlerinde başdan geçirlen möhüm wakalar

2023-nji ýylda Türk döwletlerinde başdan geçirlen möhüm wakalar

2023-nji ýyl türk dünýäsiniň bitewileşmegi taýdan möhüm ýyl boldy. Geliň şol çäkde başdan geçirlen möhüm wakalara ser salalyň.

Türk döwletleriniň arasynda hünär bileleşikleriniň we guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy maskady bilen 2023-nji ýylda yzly yzyna ýörite bileleşikler döredildi. 2023-nji ýylyň 6-njy martynda Ankara şäherinde TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar bileleşigi, 15-nji martda Almaty şäherinde Türk dünýäsiniň Sungat uniwersitetleriniň bileleşigi, 29-njy iýulda Şuşa şäherinde Türk döwletleriniň kärdeşler arkalaşygy döredildi.

5-nji oktýabrda Ankara şäherinde Türk dünýäsiniň Notariuslar bileleşigi, 26-njy oktýabrda Türkistan şäherlerinde Tük döwletlerinň hünärmen bileleşikleri geňeşi, 6-njy noýabrda Stambul şäherinde Türk habar gulluklary bileleşigi, 10-njy noýabrda Samarkand şäherinde Türk dünýäsiniň Arheologiýa ylmy barlag institutlary we merkezleri bileleşigi, 10-njy dekabrda Şuşa şäherinde Türk dünýäsiniň Medeniýet paýtagtlary bileleşigi we 25-nji dekabrda Daşkent şäherinde Türk dünýäsiniň Kino direktorlar bileleşigi döredildi.

Türki dilli döwletleriň arasynda şeýle bileleşikleriň döredilmegi, gatnaşyklaryň gün saýyn pugtalanýandygyny görkezýär.

DKTR-nyň Ersin Tatar 2023-nji ýylda Azerbaýjana we Gyrgyz Respublikasyna sapar gurady. Türk döwletleri guramasynyň synçy agzasy bolan DKTR-nyň tanyşdyrylmagy taýdan bu saparlar diýseň möhüm.

2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 13-14-i aralygynda Şuşa şäherinde geçirlen TÜRKSOÝ-yň 40-njy maslahatynda Nobel baýragynyn eýesi Prof. Dr. Aziz Sanjar Türk dünýäsiniň medeniýet ilçisi hökmünde yglan edildi.

2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Astana şäherinde geçirlen Türk döwletleri guramasynyň 1-njy sammiti, “Türk döwri” şygary bilen geçirildi. TÜRKPA, TÜRSOÝ, Halkara Türk Akademiýasy, Türk Medeniýet we miras gaznasy, Türk Maýa goýum agaznasy ýyllyk maslahalatyny we amala aşyrýan işlerini artdyrmak bilen dowam etdirýär.

“Türk dünýäsiniň medeniýet paýtagty” çäresi hem her ýyl yzygiderli ýagdaýda geçirilýär. 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Şuşa şäheri Türk dünýäsiniň Medeniýet paýtagty bolupdy. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Änew şäheri Türk dünýäsine medeni paýtagtlyk eder.

Astana 2012-nji, Eskişehir 2013-nji, Kazan 2014-nji, Merw 2015-nji, Şeki 2016-njy, Türkistan 2017-nji, Kastamonu 2018, Oş 2019-njy, Hywa 2020-njy we Bursa 2022-nji ýylda Türk dünýäsine medeni paýtagtlyk edipdi. Gepleşigimiziň başynda belläp geçişimiz ýaly 2023-nji ýylda Türk dünýäsiniň medeniýet paýtagtlary bileleşigi döredildi.

2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Şamahy şäheri Türk dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty boldy. 2024-nji ýylda Gazagystanyň Türkistan şäheri Türk dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty hökmünde yglan edildi.

Türk dünýäsiniň Bilim paýtagty taslamasynyň durmuşa geçirilmegi hem Türk dünýäsiniň gelejegi we galkynyşy taýdan diýseň möhüm.

Ýene degişli makalalar

8-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
TÜRKSOÝ-nyň başlyklygy resmi taýdan Türkmenistana geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Änewiň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolmagy mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen wekiliýeti Bakuwda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy