Alp Arslan adyndaky drama teatry ýaşajyk tomaşaçylary Täze ýyl ertekisi bilen begendirdi

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň döredijilik işgärleri çagalary bolgariýaly dramaturg Penço Mançewiň pýesasynyň äheňinde goýlan “Nirde sen, Aýazbaba?” oýnunyň we körpeleriň halaýan ertekileriniň gahrymanlary bilen bilelikde kaşaň bezelen Täze ýyl arçasynyň daşynda baýramçylyk ruhunda garşylaýarlar. ...Hilegär Tilki “baýramçylyk bellejekden” bolýar, bu bet pygylyny Möjege aýdýar: ol Aýazbabanyň lybasyny geýip, sowgat paýlan bolup, sadaja haýwanjyklary duzaga salmaly.

Möjek al bilen aýyjygy we towşan çebşejiklerini halta atyp ýetişýär. Ýöne garga mekir aldawçyny paş edýär...Ynanjaňlygy bilen zalym ýyrtyjynyň girewine düşen haýwanjyklara ýüregi kir-kimirsiz arassa körpeleriň haýpy gelýär.

Wakanyň ahyrynda ýaşajyk tomaşaçylar artistlere goşulşyp halan gahrymanlary we mähirli jadygöý hem-de onuň agtygy Garpamyk bilen Täze ýyly garşylamak üçin: “Aýazbaba!Gelsene!” diýip gygyrýarlar.Oýny goýan režisýor Gözel Çommyýewa mähirli, sapak edinmeli we şadyýan Täze ýyl oýnuny goýupdyr.

Oýnuň dowamynda ýaňlanýan saz bezegini ýerine ýetiren Mämmet Hydyrowyň şowly tapan joşgunly sazlaryna ertekiniň gahrymanlary tans oýnaýarlar.Oýun goýujy nakgaş Mekan Annamyradowyň sahna bezegi hem özüne çekiji çykypdyr: gyşky tokaýda aýynyň süreni güberlip dur, çala bildirip duran öwrüm towşanyň hinine öwrülýär, ýene öwrüm ol eýýäm owlajyklaryň agyly.

Oýnuň ahyrynda sahna garly meýdança dönýär, onda gahrymanlarymyz Aýazbabany we Garpamygy garşy alýarlar.Nakgaş Batyr Bekmyradow owadan lybaslary taýýarlapdyr. Ýaş artistler erteki gahrymanlarynyň keşbini döretmekde zehinini gaýgyrmandyrlar, olaryň azaby ýerine-de düşüpdir.

Garganyň keşbini Maral Öwezowa, möjegiňkini Ýaýlym Myratberdiýew, aýyjygyňkyny--Myrat Saryýew, towşan çebşekleriniňkini Gülruh Nurmuhammedowa bilen Jennet Horasanlyýewa, owlajyklaryň keşbini Jennet Çowdurowa hem-de Dursun Nurgulyýewa dagy döredipdirler.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Akdepe etrabynyň pileçi kärendeçileri 110 tonna pile tabşyrmagy maksat edinýärler
23.06.2019 | Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
Daşoguz welaýaty: maldarçylykda telekeçilik taslamalary we suwdan rejeli peýdalanmak
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda