Alpha Home Türkmenistanda jaýlary abatlamak we mebel öndürmek hyzmatlaryny hödürleýär

Alpha Home Türkmenistanda jaýlary abatlamak we mebel öndürmek hyzmatlaryny hödürleýär

Umytly Ýol HK-nyň Alpha Home dizaýn studiýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna jaýlary we otaglary abatlamak hem-de bezemek, ýumşak we gabaraly mebelleriň ähli görnüşlerini taýýarlamak we mundan başga-da köp sanly hyzmatlary hödürleýär.

Alpha Home studiýasynyň hünärmenleri kaşaň nusgawy stilden başlap, sada loft stiline çenli sargyt esasynda islendik görnüşli mebelleri taýýarlaýarlar.Studiýada ýumşak mebel toplumyny, ýatylýan otag toplumyny, naharhana, çagalar otagy, eýwan, iş otagy üçin mebelleri sargyt etmek mümkindir. Ähli işler bellenilen wagtynda we müşderiniň ähli islegleri göz öňünde tutulyp ýerine ýetiriler.

Alpha Home studiýasynyň ussalary mebel önümçiliginde öňdebaryjy türk öndürijileriniň iň ýokary hilli materiallaryny we esbaplaryny ulanýarlar, önümlere alty aýa çenli kepillik berilýär.

Şeýle hem kompaniýanyň ussalary jaýlary abatlamagyň ähli görnüşlerini amala aşyrýarlar:

Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, kompaniýa satyn alynmaly zerur gurluşyk materiallarynyň yzygderlilikdäki sanawyny taýýarlamagy we müşderiniň islegi boýunça taslamanyň deslapky 3D şekilini amala aşyrmak üçin otag dizaýneriň tölegsiz esasda baryp görmegini gurnaýar.

Şeýlelik bilen, Alpha Home studiýasyna ýüz tutmak bilen, müşderiler abatlamak işlerini geçirmek we gurluşyny täzelemek arkaly öýlerini düýbünden üýtgetmäge mümkinçilik alýarlar.

Mundan başga-da, Alpha Home tölegini 3 aýdan 6 aýa çenli möhletlere bölüp tölemek ýeňilligi bilen mebel taýýarlamagy sargyt etmek mümkinçiligini döredýär. Töleg möhletlere bölünende pasportyň göçürmesini we iş ýerinden kepilnama getirmek hem-de sargydyň umumy bahasynyň 30% geçirmek ýeterlikdir, galyberse-de, möhletlere bölmek mümkinçiligi üçin bahanyň üstüne göterim goşulmaýar.

Alpha Home kompaniýasynyň ofisiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow köç., 186, Bereket binasy, girelge howludan.

Maslahat almak üçin telefon belgileri: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81, (+993 12) 12 12 91.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Alpha Home hususy sargyt boýunça mebeller üçin göterimsiz möhletlere bölüp tölemek hyzmatyny resmileşdirmegi teklip edýär
Alpha Home göterimsiz bölekleýin töleg geçirmek şerti bilen sargyt esasynda mebel ýasap berýär
Alpha Flowers dükany ter güllerden baglanan çemenleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär
Alpha Home möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligi bilen sargyt esasynda ýumşak mebelleriň ähli görnüşlerini öndürýär
Alpha Home studiýasy ofis otaglarynyň durkuny täzelemek we dizaýn işleri boýunça hyzmatlaryny hödürleýär
Alpha Home 2023-nji ýylyň moda meýillerini göz öňünde tutup aşhana mebellerini öndürmegi teklip edýär