Alpha Flowers dükany ter güllerden baglanan çemenleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

Alpha Flowers dükany ter güllerden baglanan çemenleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

Alpha Flowers güller dükany ajaýyp görnüşde bezelen hem-de ter güllerden düzülen gül desseleriniň örän giň görnüşlerini alyjylara ýetirýär.

Bu ýerde işleýän ussat floristler sargyt esasynda bägül, çigildem, hrizantema, giasint, gerber we beýleki dürli görnüşdäki güllerden owadan çemen baglaýarlar. Bu ýerde müşderileriň isleglerine görä, ýubileýler, doglan günler, toý dabaralary üçin gül bezegleri hem ýerine ýetirilýär.

Alpha Flowers dükany Umytly ýol hususy kärhanasynyň bir bölegi bolupdurýar. Kärhananyň düzümine şeýle-de özbaşdak sargytlar esasynda mebel önümlerini taýýarlap berýän Alpha Home dizaýn studiýasy hem girýär. Güller — kärhananyň işiniň şu ýylda ýola goýan täze bir ugrudyr. Aslynda, Umytly ýol kärhanasynyň dizaýn bilen baglanyşykly giň gerimde alyp barýan işinde gül bezegleri hem interýeriň özboluşly aýratynlygy hökmünde çykyş edýär.

Alpha Flowers dükany gül çemenlerini Aşgabat şäheriniň islendik ýerine eltip berýär. Gül çemenini (+993 65) 66 10 10 telefon belgisine jaň edip, şeýle-de dükanyň sosial media ulgamyndaky sahypasyndan sargyt edip bolýar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Alpha Home möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligi bilen sargyt esasynda ýumşak mebelleriň ähli görnüşlerini öndürýär
Alpha Home Türkmenistanda jaýlary abatlamak we mebel öndürmek hyzmatlaryny hödürleýär
Alpha Home studiýasy abatlaýyş-bejeriş işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirýär
Alpha Home 2023-nji ýylyň moda meýillerini göz öňünde tutup aşhana mebellerini öndürmegi teklip edýär
Alpha Home göterimsiz bölekleýin töleg geçirmek şerti bilen sargyt esasynda mebel ýasap berýär