Alphabet-iň ikinji çärýekdäki arassa girdejisi 2,5 mlrd dollar kemeldi

Alphabet-iň ikinji çärýekdäki arassa girdejisi 2,5 mlrd dollar kemeldi

Google kompaniýasy degişli bolan Alphabet amerikan korporasiýasynyň arassa girdejisi ikinji çärýekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,5 mlrd dollar azaldy. Muňa kompaniýanyň sişenbe güni çap edilen maliýe hasabatynda maglumatlar şaýatlyk edýär diýip, TASS ýazýar.

30-njy iýunda tamamlanan üç aýyň jemi boýunça Alphabet-iň arassa girdejisi 16,002 mlrd dollar boldy, şonuň bilen birlikde geçen ýylyň degişli döwründe kompaniýanyň arassa girdejisi 18,525 mlrd dollar bolupdy.

Geçen üç aýyň içinde kompaniýanyň umumy düşewündi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6% ýokarlanyp, 69,685 mlrd dollar boldy. Şeýle-de bolsa, The Wall Street Jounal neşiriniň bellemegine görä, kompaniýanyň ösüşiniň depgini pandemiýanyň başyndaky görkezijileriň derejesine çenli haýallady, ýogsam Alphabet-iň düzümi geçen ýyl 30 müň adam artypdy.

Häzirki wagtda kompaniýada 174 müňden gowrak adam işleýär.

Ýene degişli makalalar

Bazar bahasy 4 trillion dollar
Ýylyň abraýly 100 kompaniýasy
Satuwy 23 göterim artdy
Alphabet-iň girdejisi geçen çärýek 23% ýokarlandy
Apple bir günde kapitalizasiýanyň 154 milliard dollaryny, Microsoft bolsa 109 milliard dollaryny ýitirdi
Apple iň innowasion kompaniýalaryň sanawynyň öňüni çekýär