Altaý-Saýan bürgüdi gyşlamak üçin Türkmenistana geldi

Altaý-Saýan bürgüdi gyşlamak üçin Türkmenistana geldi

Žanna diýlip atlandyrylýan sähra bürgüdi gyşlamak üçin Altaý-Saýan ekosebitinden Türkmenistana uçdy. Bu barada maglumatlar Sibekocenteriň ornitologlaryndan alyndy diýip, vg-news saýty habar berýär.

Ekologlar ýörite GSM yzarlaýjylary ulanyp, guşlaryň göçmegine gözegçilik edýärler, esasy howplary kesgitleýärler we ýyrtyjy guşlaryň seýrek görnüşlerini goramak boýunça çäreleri işläp düzýärler.

Žanna şu tomus guş synçylary tarapyndan bellik edilen beýleki sähra bürgütleri bilen ýakyn aragatnaşykda boldy. Ol tomsuň agramly bölegini Russiýa bilen Mongoliýanyň serhedindäki Saýlýugem gerşinde geçirdi. Häzirki wagtda guşuň Türkmenistana baryp ýetendigi takyk kesgitlenildi.

Ýene degişli makalalar

Gyzylinjik
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA EKOLOGIÝA MASLAHATYNA GATNAŞDY
Iň yssy ýyl aýan boldy
“Miras” žurnaly halkymyzyň taryhy-medeni geçmişi barada
Miras ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Ukraina Türkiýä Minnetdarlyk Bildirdi