TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA EKOLOGIÝA MASLAHATYNA GATNAŞDY

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA EKOLOGIÝA MASLAHATYNA GATNAŞDY

2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.H.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Altaý Respublikasynda geçirilen Halkara ekologiýa maslahatyna gatnaşdy.

Howanyň üýtgemegi, milli ykdysadyýetiň ösüşi hem-de biodürlüligi gorap saklamak maslahatyň esasy mowzuklary boldy.

N.H.Atagulyýew maslahatda çykyş etmek bilen, ekologiýa howpsuzlygyny, durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de ýurdumyzyň tebigy mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlaryna çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Şeýle-de çykyşda Türkmenistanyň gatnaşýan ekologiýa ulgamyndaky halkara konwensiýalary, ýurdumyzyň aýratyn goralýan tebigy ýerleri, bag nahallaryny oturtmak, agrosenagat we senagat pudaklaryna innowasiýa, suw tygşytlaýjy, galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ýaly we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işler dogrusynda aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Gyzylinjik
Türkmen halylary adamzadyň medeni mirasynyň...
Gazagystanda Sanjym Etdirenlerden Birine Öý Sowgat Ediler
Iň yssy ýyl aýan boldy
“Miras” žurnaly halkymyzyň taryhy-medeni geçmişi barada
Miras ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň täze sany çapdan çykdy