“Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynyň wise-çempiony

Aziýa yklymynyň 2-nji derejeli ýaryşy bolan AFK-nyň Kubogy ýaryşynyň finalynda Yragyň “Al-Kuwa Al-Jawiýa” topary ýeňiş gazandy.Olar Yragyň Basra şäherindäki “Basra Sports Siti” stadionynda oýnalan finalda ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” toparyndan 20 hasabynda üstün çykdy.

Katarly Abdulrahman Al-Jassimiň eminlik eden oýnuna 24665 janköýer tomaşa etdi.Duşuşyk ýer eýeleriniň yzygiderli hüjümleri bilen başlandy.Oýnuň 22-nji minutynda goragçymyz Mekan Saparowyň goýberen ýalňyşlygyndan soň, hasap açyldy.

Mekanyň depip bilmedik topuny alan Ahmad Hammadi derwezeçini aldap, topy derwezä girizdi.Duşuşygyň 2-nji ýarymynda ildeşlerimiz azda-kände tijendi. 50-nji minutda Altymyrat Annadurdyýewiň uzakdan batly depen urgusyny yrakly derwezeçi kynlyk bilen sowdy.

Oýnuň 57-nji minutynda sag burçdan ýerine ýetirilen urgudan soň, Ibrahim Baýeş goragçylarymyzdan öňürti topy kellesi bilen urup, hasaby 20-a ýetirdi. 65-nji minutda ildeşlerimize aratapawudy azaltmaga uly mümkinçilik boldy. Ýöne emin Al-Jassimiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny Selim Nurmyradow derwezäniň ýokarysyndan geçirdi. Şondan soň, ildeşlerimiz gol geçirmek üçin hüjüm baryny etse-de, olara hasaby üýtgetmek başartmady. Şeýlelikde, 20 hasabynda ýeňşini baýram eden “Al-Kuwa Al-Jawiýa” bassyr 3-nji gezek AFK-nyň Kubogyna mynasyp boldy.

Taryhda ilkinji gezek bu ýaryşyň finalyna çykan “Altyn asyryň” gazanan kümüş medaly diýseň uly abraýdyr. Öňki ýyllarda toparçadan hem çykyp bilmeýän türkmen toparlarynyň bu günki günde finalda oýnamagy aýratyn bellärliklidir.

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň KUBOGYNYŇ 15nji FINALY
AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
UEFA Çempionlar Ligasynyň iň köp gol geçiren oýunçysy Ronaldonyň AFK Çempionlar Ligasyndaky ilkinji goly
“Altyn asyryň” baýramçylyk sowgady
“Altyn asyr” “D” toparçada çykyş eder
“Ahal” nobatdaky tapgyra çykdy