AFK-nyň KUBOGYNYŇ 15nji FINALY

Şu gün ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” topary AFK-nyň Kubogynyň final duşuşygyny geçirer.Türkmen futbolçylary Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanjak bu duşuşykda Yragyň “Al-Kuwa Al-Jawiýa” topary bilen güýç synanyşar.

Yragyň Basra şäherindäki “Basra Sports Siti” stadionynda oýnaljak finala katarly Abdulrahman Al-Jassim eminlik eder.Duşuşygyň beýleki eminleriniň hemmesi-de Katar döwletindendir.Bu final AFK-nyň Kubogynyň 15-nji finalydyr.Ilkinji gezek finala çykan “Altyn asyr” topary Merkezi zolakda, has takygy, “D” toparçada ýurdumyzyň başga bir topary “Ahal”, Täjigistanyň “Istiklol” hem-de Gyrgyzystanyň “Alaý Oş” klublary bilen çykyş etdi. “Altyn asyr” toparçada ýeňlişsiz 14 utuk toplady.

Utulan-çykdy tapgyrynda-da ilki Hindistanyň “Bengaluru” , soňra-da Demirgazyk Koreýanyň “Aprel 25” klublaryny yzda galdyrdy.Bassyr 3-nji finalynda çykyş edýän “Al-Kuwa Al-Jawiýa” Günbatar zolakda ýa-da “A” toparçada Iordaniýanyň “Al-Jazira”, Omanyň “Al-Suwaik” hem-de Bahreýniň “Malkiýa” klublary bilen duşuşdy.

Toparçada 3 ýeňiş, 3 deňlik netijeleri görkezen “Al-Kuwa Al-Jawiýa” Iordaniýanyň “Al-Jazira” toparyndan soň, 2-nji ýeri eýeledi.Utulan-çykdy tapgyrynda-da ilki Liwanyň “Al-Ahed” toparyny ýeňlişe sezewar etdi.

Soňra toparçada duşuşan garşydaşy “Al-Jazirany” 2 oýunda-da ýeňip, bassyr 3-nji gezek finala çykdy.“Altyn asyr” toparyna türkmen futbolynyň taryhynda uly yz galdyrjak bu finalda uly üstünlik arzuw edýäris!

Ýene degişli makalalar

“Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynyň wise-çempiony
AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
“Altyn asyryň” baýramçylyk sowgady
Yzly-yzyna ikinji ýeňşi
“Altyn asyr” “D” toparçada çykyş eder
“Ahal” nobatdaky tapgyra çykdy