“Altyn asyryň” AFK Çempionlar Ligasy 2-däki bäsdeşleri belli boldy

Täze ady AFK Çempionlar Ligasy 2 bolan (ozalky AFK Kubogy) ýaryşyň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazanyp, toparçalaýyn tapgyrda çykyş etmäge ygtyýar alan “Altyn asyryň” bäsdeşleri belli boldy.

Ildeşlerimiz bijä laýyklykda “B” toparça düşdi. Aragatnaşykçylar bu toparçada Saud Arabystanynyň “Al-Taawun”, Yragyň “Al-Kuwa Al-Jawiýa” hem-de Bahreýniň “Al-Haldiýa” toparlary bilen bije çekişdi. Toparçalardaky duşuşyklar 17-nji sentýabrda başlap, 5-nji dekabrda tamamlanar.

“A” toparça: “Al Wakra” (Katar), “Traktor” (Eýran), “Mohun Bagan” (Hindistan), “Rawşan (Täjigistan)

“B” toparça: “Altyn asyr” (Türkmenistan), “Al-Taawun (S. Arabystany), “Al-Kuwa Al-Jawiýa” (Yrak), “Al-Haldiýa” (Bahreýn)

“C” toparça: “Sepahan” (Eýran), “Şarja” (BAE), “Istiklol” (Täjigistan), “Al-Wehdat” (Iordaniýa)

“D” toparça: “Şabab Al-Ahli” (BAE), “Nasaf” (Özbegistan), “Al-Hussein Irbid” (Iordaniýa), “Al-Kuwait” (Kuweýt)

Ýene degişli makalalar

“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
UEFA Çempionlar Ligasynyň iň köp gol geçiren oýunçysy Ronaldonyň AFK Çempionlar Ligasyndaky ilkinji goly
AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
“Altyn asyryň” baýramçylyk sowgady
Yzly-yzyna ikinji ýeňşi
“Altyn asyr” “D” toparçada çykyş eder