Yzly-yzyna ikinji ýeňşi

Aziýanyň futbol klublarynyň 2-nji derejeli ýaryşy bolan AFK Kubogynyň finalynda Yragyň “Al-Kuwa Al-Jawiýa” (“Eýr Fors”) topary bilen Täjigistanyň “Istikloly” duşuşdy.Täjigistanyň Gissar şäherindäki merkezi stadionda oýnalan duşuşykda BAE-li Mohammed Abdulla Hassan Mohamed jürlewük çalyp, oýna 20 müň janköýer tomaşa etdi.

Duşuşygyň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 2-nji ýarymda, has takygy 68-nji minutda Emad Mohsiniň ýeke-täk pökgüsi Yrak toparyna ýeňiş getirdi. Şunlukda, 14-nji sapar geçirilen AFK Kubogy ýaryşynda “Al-Kuwa Al-Jawiýa” bassyr 2-nji gezek ýeňiji boldy.

Olar geçen ýylky finalda Hindistanyň “Bengalaru” toparyny 10 hasabynda ýeňipdi. “Istiklol” bolsa, 2015-nji ýyldan soň, bu ýylam finalda asgyn geldi.Täjik topary 2015-nji ýylda Malaýziýanyň “Johor Darul Ta’zim” toparyndan şol bir hasap bilen utulypdy.

AFK Kubogyny häzirki güne çenli iň köp “Al-Kuwait” topary eýeläp, kuweýtliler 3 sapar ýeňiş gazandy.Iordaniýanyň “Al-Faýsaly” topary bilen “Al-Kuwa Al-Jawiýa” toparlary 2 gezek ýeňiji boldy.

Ýene degişli makalalar

“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
UEFA Çempionlar Ligasynyň iň köp gol geçiren oýunçysy Ronaldonyň AFK Çempionlar Ligasyndaky ilkinji goly
AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
“Altyn asyryň” AFK Çempionlar Ligasy 2-däki bäsdeşleri belli boldy
“Altyn asyryň” baýramçylyk sowgady
“Altyn asyr” “D” toparçada çykyş eder