Altyn Asyr harytşynaslyk merkezi Aşgabat söwda-dynç alyş merkezinde açyldy

Altyn Asyr harytşynaslyk merkezi Aşgabat söwda-dynç alyş merkezinde açyldy

Нейтральный Туркменистан gazetiniň habar bermegine görä, Aşgabat söwda-dynç alyş merkezinde Altyn Asyr marketing merkezi açyldy.

Dükanda dokma senagatynyň ähli marka önümleri diýen ýaly Marynyň Ýeniş fabriginiň, Bedew, Bürgüt, Gala jinsi fabrikleriniň, Aşgabat dokma toplumynyň, Baýramalynyň Мerw fabriginiň önümleri bar.

Bir söz bilen aýdylanda, Aşgabat söwda-dynç alyş merkeziniň 65 müňinedördül metrden gowrak çäginde dürli dükanlaryň 240-dan gowragy, supermarket, bedenterbiýe hem-de medeni-sagaldyş toplumy, kafe we fud-kortlar, gözellik salonlary we dellekhanalar, çagalar üçin oýun meýdançalary, bilýard, bouling, kinoteatr, buzly meýdança, dynç alyş we attraksionlar bölümi bu ýere gelýänlere gapylaryny giňden açdylar.

Abadanlaşdyrylan ýerleri, ýollary we ýanýodalary, estakada köprüsini, çüwdürimleri, çagalar üçin oýun meýdançalaryny, emeli akabany hem-de ugurdaş gök zolaklary özünde jemleýän toplum Tähran köçesiniň ugrunda bina edilen birnäçe desganyňjemi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sazlaşykly gurlan binagärlik toplumydyr. Bu toplumyň taslamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, Beýik bina hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Täze ýyl: Türkmenistanda göçme söwda nokatlarynyň 883-si ilata hyzmat edýär
Ýurdumyzy Täze ýylyň dabaralary gurşap aldy
Aşgabatda Gurluşygy Tamamlanan Taslamlar Dabara Bilen Açyldy
"Talyp sport" Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýeňijisi boldy
“Inçe Memed”
Hulusi Akar "Penje Bürgüt-2" operasiýasy bilen bagly maglumat berdi