“Altyn asyryň” goşa üstünligi

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna “Altyn asyr” topary mynasyp boldy. “Altyn asyr” topary paýtagtymyzdaky “Nusaý” stadionynda oýnalan finalda “Ahal” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 12-nji minutynda eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Serdar Geldiýew “Altyn asyry” öňe saýlady.

Oýnuň 31-nji minutynda soňky wagtlarda şowly oýun görkezýän Mihail Titow tapawutlanyp, hasaby 20-a ýetirdi.Toparlar şol hasap bilen arakesmä çykdylar.Ikinji ýarymda ilki-ilkiler “Ahal” topary hüjümlerini ýygjamlaşdyrsa-da, olara ýerlikli peýdalanmak başartmady.

Duşuşygyň 69-njy minutynda Begençmyrat Myradow oýna soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, 30 hasabynda ýeňiş gazanan “Altyn asyr” topary 3 ýyldan soň, 4-nji gezek Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynda ýeňiji boldy.

Aragatnaşykçylar mundan ozal 2009-njy, 2015-nji we 2016-njy ýyllarda-da kubogy eýeläpdiler.

Golaýda tamamlanan milli çempionatda bassyr 6-njy gezek çempion bolan “Altyn asyr” topary 3-nji sapar goşa üstünlik gazandy. “Altyn asyr” topary kubok ýaryşynda 4 gezek ýeňiji bolup, olar bu ugurda “Nebitçi” bilen deňleşdi.

Türkmenistanyň Kubogyna şu wagta çenli “Köpetdag” 7 (1992, 1993, 1994, 1996, 1997, 2000, 2018), “Nebitçi” 4 (2003, 2004, 2010, 2012), “Altyn asyr” 4 (2009, 2015, 2016, 2019) , “Nisa” 3 (1998, 1999, 2001), “Ahal” 3 (2013, 2014, 2017), “Merw” 2 (2005, 2008), ozalky HTTU 2 (2006, 2011), “Şagadam” (2007), “Turan” (1995) we “Garagum” (2002) toparlary 1 gezek mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaýdan rüstem gelen Altyn asyr ilkinji ýeňşini gazandy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Ýazguly Hojageldiýew Nasaf bilen duşuşykda esasan ýaş oýunçylara mümkinçilik berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda