Altyn Guw kompaniýasy amatly bahalaryndan ýörite tehnikalar we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edýär

Altyn Guw kompaniýasy amatly bahalaryndan ýörite tehnikalar we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edýär

Altyn Guw kompaniýasy 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanda tanalýar. Onuň işiniň esasy ugry degişli kepilligi bilen Liugong kompaniýasynyň ýörite tehnikalarynyň hem-de Liugong, Jcb, Liebherr, Jon-Deer, Case, Bomag, Hyundai, Chukurova, Komatsu, Doosan, Caterpillar ýaly öndürijileriň ätiýaçlyk şaýlarynyň distribýutorlyk üpjünçiligini amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Ýörite tehnikalar

Altyn Guw, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň kärhanalaryny we guramalaryny dürli gurluşyk, ýük, kran we oba hojalyk tehnikalary, dizel generatorlary, turbinalar, hereketlendirijiler, nebitgaz enjamlary bilen üpjün etmäge ýöriteleşendir. Türkmenistanyň hususy we döwlet kompaniýalary, şeýle hem ýurduň ähli sebitlerinde gurluşyk we peýdaly baýlyklary gazyp almak pudagynda işleýän daşary ýurt (rus, fransuz, amerikan, türk we beýleki) kärhanalary birnäçe ýyllaryň dowamynda kompaniýanyň müşderileri boldular.

Ätiýaçlyk şaýlary we goşmaça gurluşlar

Altyn Guw dürli maksatly ýörite tehnikalaryň üpjünçiligi bilen bir hatarda, kärhanalara we kompaniýalara zerur ätiýaçlyk şaýlary we goşmaça gurluşlar, ýaglar, süzgüçler, tekerler bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär islege görä, meşhur haryt nyşanlarynyň hakyky önümlerini hem, OEM öndürijiler (hakyky enjamlary öndürijiler) tarapyndan halkara güwänamalary bilen tassyklanan harytlary hem saýlap almak mümkindir.

Tehniki taýdan hyzmat etmek

Altyn Guw tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň hatarynda hereketlendirijileriň, gidrawliki mehanizmleriň, elektrik ulgamlarynyň, ulaglaryň hereket edýän böleginiň (şassisiniň), ýangyç ulgamynyň, çelekleriň we beýlekileriň anyklaýyş hem-de abatlaýyş işleri bardyr.Tejribeli hünärmenlerden ybarat ýörite toparlar gidrawliki ulgamlary, klapan we ýangyç enjamlaryny, transmissiýalary, hereketlendirijileri hem-de elektrik enjamlaryny bejermek boýunça maslahat we abatlaýyş hyzmatlaryny bermäge hemişe taýýardyr. Ähli işler öz wagtynda we ýokary hünär derejesinde amala aşyrylýar.

Kompaniýa bir gezeklik ýa-da yzygiderli esasda abatlaýyş hem-de tehniki taýdan hyzmat etmek mümkinçiliklerini teklip edýär, şeýle hem tehnikalaryň satylmagyna kömek edýär.

Altyn Guw kompaniýasynyň artykmaçlyklary

Kompaniýanyň müşderisiniň meýilleşdirilen tehniki taýdan hyzmatdan geçmegi üçin elektron poçta ýa-da telefon arkaly degişli haýyşnama bilen ýüz tutumagy ýeterlikdir.

Kompaniýada bar bolan ýörite tehnikalaryň ençemesine arzanladyş yglan edildi. Mundan başga-da, şu günler kompaniýa Mobil Delwac 10W40 ýagyny we 2023-nji ýylda öndürilen Liugong CLG 933E ekskawatoryny bazar bahalaryndan arzan satyn almak boýunça ýörite teklibi yglan edýär.

Has giňişleýin maglumat almak üçin 65 86 01 we (+993 64) 01 80 80 telefon belgileri ýa-da altynguw@gmail.com elektron poçta salgysyna ýazmak arkaly kompaniýanyň wekilleri bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem altynguw.com saýtynda meýilleşdirilen tehniki hyzmat üçin haýyşnama iberip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Kung-fu Panda 4 multfilminiň treýleri internetde peýda boldy
Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär
21.05.2019 | Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär
Dünýä çempionaty — 2018 täze rekordlar bilen begendirmegini dowam etdirýär
05.11.2018 | Dünýä çempionaty — 2018 täze rekordlar bilen begendirmegini dowam etdirýär
XVIII Aziada ertir tamamlanar