Mulanyň keşbinde hytaýly aktrisa

“Disney” kompaniýasy ozalky animasiýalaryny täzeden janly filme öwürmegini dowam edýär.Nobatdaky film hytaýlylaryň rowaýaty söweşiji zenany barada söhbet açýan, 1998-nji ýylda ekranlaşdyrylan “Mulan” animasiýasy bolar.

Golaýda bu iri taslamada hytaýly aktrisa Liu Ýifeýiň baş keşpde Mulanyň keşbinde çykyş etjekdigi habar berildi. 30 ýaşyndaky aktrisa öň “Gadagan edilen şalyk”, “Hytaýly dul aýal”, “Kesekileşdirilen” ýaly Golliwud-Hytaý şärikdeşliginde taýýarlanan kinolarda surata düşüpdi. “Mulan” atly täze filme Niki Karo režissýorlyk eder.

Ýene degişli makalalar

JET LI WE GUN LI “MULAN” FILMINDE
Ýylyň garaşylýan filmleri 2
Öňe saýlananyna puşman etdirdi
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň sanyny artdyrýar
Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
“Real Madrid” 4-nji gezek FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi