JET LI WE GUN LI “MULAN” FILMINDE

“Disney”-iň nobatdaky taslamasy bolan “Mulan” animasiýasynyň janly film görnüşinde surata düşjekleriň hataryna Jet Li, Gun Li hem-de Sýuzanna Teng goşuldy.Niki Karonyň režissýorlyk etjek kinosynda baş keşbi Mulanyň keşbini hytaýly aktrisa Liu Ifeýiň janlandyrjakdygy ozal habar berlipdi. Şeýle-de başga bir hytaýly tanymal aktýor Donni Ýen hem filmiň kastingine goşulypdy.

Ol serkerde Tunuň keşbini ýerine ýetirer.Söweş sungatlarynyň ägirdi, köpleriň söýgüli aktýory Jet Li imperatoryň keşbinde çykyş etse, owadan aktrisa Gun Li otrisatel keşpde surata düşer.Wýetnamly aktrisa Sýuzanna Teng Mulanyň uýasynyň keşbini janlandyrar.

Hytaýda we Täze Zelandiýada ekranlaşdyryljak kino 2020-nji ýylyň 27-nji martynda prokatlara ýaýradylar.

Ýene degişli makalalar

Mulanyň keşbinde hytaýly aktrisa
Ýylyň garaşylýan filmleri 2
“Real Madrid” 4-nji gezek FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi
Soňky 10 oýunda 1 gezek ýeňdi
“Atalantanyň” yzly-yzyna 11-nji ýeňşi, “Ýuwentusyň” 10-njy deňligi
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär