Öňe saýlananyna puşman etdirdi

Öňe saýlananyna puşman etdirdi

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 22-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda janköýerler 8 goluň şaýady boldular.

Öz meýdançasynda “Pisa” toparyny kabul eden “Inter” garaşylmadyk ýagdaýda 2 gol geçirtdi.Gollaryň 2-sini hem 11-nji we 23-nji minutlarda Stefano Moreo öz adyna ýazdyrdy. Ýöne soňlugy bilen dessine özüni dürsän “Inter” 1-nji ýarym tamamlanmanka, has takygy, 1-nji ýarymyň soňky 7 minutynda 3 gol geçirip, öňe saýlandy.

Gollary Zelinski (39 p), Lautara Martines (42) hem-de Esposito (45+2) geçirdi.

“Inter” 2-nji ýarymyň soňky 10 minutynda-da 3 gol geçirip, garşydaşynyň öňe saýlanyna puşman etdirdi. Bu gollary bolsa Dimarko (82), Bonni (86) hem-de Mhitarýan (90+3) derwezä girizdi.

Şunlukda, 6-2 uly hasap bilen ýeňiş gazanan “Inter” çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşleriniň özara duşuşjak tapgyrynda aratapawudy saklap galmagy başardy.

“Serie A”-da 22-nji tapgyrda ýekşenbe güni 2 uly duşuşyk geçiriler. Çempion “Napoli” topary “Ýuwentusyň” (22:00), 2-nji ýerde barýan “Milan” bolsa paýtagtda “Romanyň” myhmany bolar (00:45).

Ýene degişli makalalar

“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”
Kembek eden “Milan” birinjiligini saklamagy başardy
“Inter” ýyly lider tamamlar
“Inter”, “Milan” hem-de “Napoli” iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazandy
Ilkinji ýeňişler, ilkinji ýeňlişler
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi