Altyn ieroglifi Ýaponiýada 2021-nji ýylyň nyşany boldy

Altyn ieroglifi Ýaponiýada 2021-nji ýylyň nyşany boldy

Kin “altyn” (金) ieroglifi Ýaponiýada tamamlanyp barýan ýylyň nyşany boldy. Ony Ýaponiýanyň Ieroglif sowatlylygyny barlamagyň assosiasiýasy tarapyndan her ýyl geçirilýän sosialogik pikir soraşma gatnaşyjylar saýladylar diýip, “Japan Times” neşiri ýazýar. Muny www.rbc.ru ýetirýär.

Ieroglif (kandzi) “metal” we “pul” manylaryny hem berýär.

Ieroglifiň saýlanmagy ýaponiýaly türgenleriň 2020-nji ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda gazanan altyn medallarynyň sany bilen baglanyşyklydyr. Ýaryşlar koronawirus çäklendirmeleri sebäpli bir ýyl yza süýşürilenden soň şu ýylyň iýul aýynda geçirildi.

Ýaponiýaly türgenler altyn medallaryň rekord sanyny (27) gazanyp, 1964-nji ýylda Tokioda geçirilen Oýunlarda goýlan we 2004-nji ýylda Afinada gaýtalanan 16 baýrak rekordy täzelediler.

Pikir soraşma 27-nji gezek geçirilýär. Ieroglif saýlananda, ýurduň baş budda ruhanysy Seýhan Mori (Kiotodaky Kiýomidzu ybadathanasynda hyzmat edýär) nyşany uly kagyz ýüzünde ullakan kalligrafiýa çotgasy bilen şekillendirdi.

“Altyn” ieroglifi eýýäm dördünji gezek ýylyň nyşany boldy. Ol 2000-nji, 2012-nji we 2016-njy ýyllarda hem saýlanypdy. Geçen ýyl ýylyň ieroglifi “ýakyn” ýa-da “dykyz” manylaryny berýän mitsu (密) boldy. Ol koronawirus bilen baglanyşykly çäklendirmeleri alamatlandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Ýarymgeçiriji we batareýa önümçiligine goldaw berler
Türkmen talyplary Tokio şäherinde geçirilen gysga möhletli okuwlara gatnaşdylar
Uçar Tokionyň howa menzilinde gonanda ýandy
Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy
Ýaponiýada ömrüň ortaça dowamlylygy ýokarlanýar
TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS