“Altyn palmany” alan ilkinji koreý filmi

Dünýäniň iň abraýly film festiwallarynyň biri hasaplanýan Kann kino şüweleňi tamamlandy.Iki hepdä golaý wagt dowam eden 72-nji Kann film festiwalynda baş baýraga “Altyn palma” baýragyna “Mugthorlar” (Gisaengchung) atly koreý kinosy mynasyp boldy. “Okja”, “Snowpiercer”, “The Host” ýaly filmleri bilen köpüň söýgüsini gazanan meşhur režissýor Pon Žun-Honuň surata düşüren kinosy “Altyn palma” baýragyny alan ilkinji koreý filmidir.

Geçen ýyl bu baýraga ýapon filmi “Dükan ogrulary” mynasyp bolupdy.Oskarly režissýor Alehandro Gonzales Inýarritunyň eminlere ýolbaşçylyk eden festiwalynda “Gran Pri” baýragy “Atlantik” (Atlantics) filmi üçin senegally režissýor Mati Diopa berildi.

Eminleriň ýörite baýragyny 2 film paýlaşdy.Brazil kinosy “Gündizkör” (Bacurau) filminiň režissýorlary Kleber Mendonsa Filo bilen Žuliano Dornel hem-de “Terk edilenler” (Les Misarebles) filmini surata düşüren Ladž Li eminleriň ýörite baýragy bilen sylaglandylar.

Iň gowy režissýor diýlip, “Ýaş Ahmed” (Young Ahmed) filmi üçin belgiýaly režissýor doganlar Žan-Pier we Luk Dardenler saýlandy. “Kiçi Jou” (Little Joe) filmindäki keşbi üçin Emili Biçem iň gowy aktrisa, “Azap we şöhrat” (Dolor y gloria) filmindäki keşbi üçinem ispaniýaly meşhur artist Antonio Banderas iň gowy aktýor baýraklaryny eýelediler.

Iň gowy ssenariý baýragy bolsa, “Alawdaky zenanyň portreti” (Portrait of a Lady on Fire) filminiň ssenariçisi Selin Skiamma gowşuryldy. Şu ýyl ilkinji gezek berlen ýörite ýatlama baýragyna “Bu ýer uçmah bolmaly” (It Must Be Heaven) filmi üçin Elia Suleýman mynasyp boldy.

Festiwalyň çäklerinde gowşurylan beýleki sylaglary “Altyn kamera” baýragyny Sezar Diazyň “Biziň enelerimiz” (Our Mothers) filmi, “Başgaça garaýyş” iň gowy film baýragyny Karim Aýnuzyň “Euridiç Gusmaonyň görünmeýän durmuşy” (A vida invisivel de Euridice Gusmao) kinosy, şeýle-de iň gowy gysga metražly film baýragyny Wasilis Kekatosyň “Biziň bilen asmanyň arasyndaky uzaklyk” (The Distance Between Us and the Sky) kinosy eýeledi.

Festiwalyň hormat baýragyna bu ýyl dünýä belli fransiýaly aktýor Alan Dalon laýyk görüldi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä täzelikleri gysga setirlerde…
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
92-nji Oskar baýraklarynyň ýeňijileri:
Her 100 gözlegden 92-si “Google”-a degişli
Awtoulagyň döwrebap taryhy